ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň güýçleri amerikan güýçlerine hem-de Saud Arabystanynyň energetika infrastrukturasyna garşy soňky dron hüjümlerine jogap hökmünde 28-nji iýulda Yragyň gündogarynda Eýran bilen ýaran güýçleriň nyşanalaryna zarba urdy. Bu barada ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) habar berdi.
CENTCOM-nyň beýanatynda soňky 72 sagadyň dowamynda 30-dan gowrak dron hüjüminiň amala aşyrylmagyndan soň, Eýran tarapyndan goldanylýan toparlaryň ulanýan logistika we ýarag desgalarynyň nyşana alnandygy aýdylýar. Serkerdeligiň maglumatyna görä, ABŞ güýçlerine garşy hüjümler şowsuz tamamlandy.
Saud Arabystany Eýran tarapyndan goldanylýan söweşiji toparlaryň ýurduň nebit desgalaryna dron hüjümlerini amala aşyrandygyny aýdyp, operasiýanyň halkara hukugyna laýyklykda öz-özüňi goramak maksady bilen geçirilendigini mälim etdi.
Bu zarbalar Eýranyň 28-nji iýulda has ir Ýakyn Gündogardaky ABŞ güýçleriniň ýerleşýän ýerlerine tarap ballistik raketalary uçurandygy baradaky habarlardan aýratyn operasiýa bolup görünýär.
CENTCOM ähli raketalaryň howada saklanandygyny aýtdy. ABŞ-nyň ýokary wezipeli resmileri bolsa žurnalistlere hüjümiň esasy nyşanasynyň Iordaniýadaky amerikan harby bazasy bolandygyny aýtdylar.
Bu wakalar ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky söweşleriň gysga wagtlaýyn gowşan döwrüne gabat gelýär. Mundan öň ABŞ-nyň harby güýçleri yzly-yzyna 13 gijäniň dowamynda esasan Eýranyň günortasyndaky nyşanalara zarba urdy. Muňa jogap hökmünde Eýran Pars aýlagy sebitindäki amerikan nyşanalarydygyny aýdýan ýerlerine raketalary we dronlary uçurdy.