ABŞ Ýakyn Gündogarda güýçlenýän dartgynlylygy gowşatmaga çalyşýar

Rewolýusiýa goragçylary korpusy 3-nji awgustda Haniýäniň gysga aralyga ýetýän raketa bilen öldürilendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar Ýakyn Gündogarda howatyr edilýän giň gerimli urşuň öňüni almak üçin "gije-gündiziň dowamynda" işleýändigini aýtdy, Eýranyň öldürilen ýokary derejeli emeldarlar üçin ar almak ähtimallygy astynda, Ysraýyl ikinji gün ýokary hüşgärlik ýagdaýynda galdy.

Bu sebite Ysraýyly goldamak üçin goşmaça söweş gämilerini we söweş uçarlaryny iberen ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden birinji gün milli howpsuzlyk topary bilen krizis maslahatyny geçirdi.

Ýakyn Gündogarda has giň gapma-garşylyklaryň döremegi baradaky gorkular 5-nji awgustda, ABŞ-nyň metbugat wekili Yrakdaky harby bazada, Eýrana tarapdar söweşijileriň eden raketa hüjümi netijesinde, “birnäçe” amerikalynyň ýaralanandygyny tassyklanyndan soň güýçlendi.

"Şu gün ol ýerde, Yragyň Al-Asad howa bazasyndaky ABŞ we koalisiýa güýçlerine garşy raketa hüjüminiň bolandygy güman edildi" diýip, metbugat wekili aýtdy. “Deslapky görkezijilere görä, birnäçe ABŞ gullukçysy ýaralandy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hüjümiň jikme-jiklikleri, bolup biljek ýitgiler we zyýan entek belli däl.

Eýranyň proksi topary diýilýänleriň biri - Yrakda ýerleşýän milisiýa Yragyň Anbar welaýatynda ýerleşýän baza hüjüm edendigini öňe sürdi. Bu bazada ýurtda galan amerikan esgerleriniň bir bölegi bolýar we bu waka ABŞ-nyň Yrakdaky eýrançy ekstrmistleriň azyndan dördüsini öldüren howa zarbasyny urmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Eýran tarapyndan goldanýan toparlar soňky günlerde ABŞ goşunlaryna garşy edýän raketa hüjümlerini dikeltdiler we, görnüşinden, Ysraýyl bilen ýakyn hyzmatdaşlygy üçin, Waşingtony jezalandyrmaga çalyşýarlar.

Bu habar Eýranyň ýa-da onuň wekilçilikli toparlarynyň biriniň Tähranda öldürilen Ysmaýyl Haniýe, ABŞ- we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamasyň syýasy başlygy üçin ar almaga çalyşjakdygy baradaky aladalaryň ýokarlanan wagtynda geldi.

Eýran we onuň liwanly ýarany Hizballah, Waşington tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen ýene bir topar Eýrana we Beýruta urlan ganly zarbalar üçin ar aljakdygyny aýtdy. Tähran bu zarbalary Ysraýyldan görýär.

Eýran 5-nji awgustda Ysraýyly jezalandyrmagyň Ýakyn Gündogarda durnuksyzlygyň çuňlaşmagynyň öňüni aljakdygyny, ýöne Haniýe öldürilenden soň eýýäm ýokarlanan dartgynlygy güýçlendirmek islemeýändigini aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Eýrana we onuň wekillerine öz ýurduna garşy hüjüm etmezlik duýduryşny berdi we Ysraýylyň eýýäm "Eýranyň ýamanlyk okuna garşy köpgyraňly front urşunda" bolandygyny aýtdy.

Yslamçy Rewolýusiýa goragçylary korpusy (IRGC) bilen baglanyşykly “Tasnim” habar gullugy Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Naser Kanaaniniň sözlerini sitirledi. Ol "Biz Eýranyň halkara hukugynyň çäginde hüjümçini jezalandyrmaga hukugynyň bardygyna ynanýarys... Eýran, howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, halkara ýörelgeleri esasynda, öz hukugyny ulanmak arkaly çynlakaý we aýgytly çäreleri görer” diýipdir.

"Eýran durnuklylygyň hüjümçä jeza berilmegi bilen gazanyljakdygyna ynanýar" diýip, Kanaani sözüniň üstüni ýetirdi.

Ysraýyl Eýranyň paýtagtynda öldürilen Haniýe we tähran häkimiýetleri üçin uly utanja öwrülen hüjüm babatyndaky jogapkärçiligi öz üstüne almady.

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu, Russiýanyň döwlet habar serişdeleriniň habaryna görä, Eýranyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda bir hepde ozal kasam kabul eden prezident Masud Pezeşkian bilen gepleşmek üçin 5-nji awgustda Tährana iş saparyna bardy.

Eýranyň döwlet habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Pezeşkian Şoýga Tähranyň öz "strategiki hyzmatdaşy" bilen edýän gatnaşyklaryny giňeltmek kararynda aýgytlydygyny we Moskwanyň goldawyna minnetdardygyny aýtdy.

"Russiýa Eýran halkynyň kyn günlerinde ýanynda duran ýurtlaryň arasynda" diýip, Pezeşkianyň Şoýga aýdandygy habar berilýär.

Rewolýusiýa goragçylary korpusy 3-nji awgustda Haniýäniň gysga aralyga ýetýän raketa bilen öldürilendigini aýtdy we Birleşen Ştatlary bu hüjümi goldamakda, Ysraýyly bolsa ony amala aşyrmakda aýyplady.

"The New York Times” gazetiniň ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Haniýe Tähranda boljak myhmanhanasynda iki aý ozal gizlinlikde goýlan bombanyň partlamagy netijesinde ölüpdir.

Kanaani halkara jemgyýetçiliginiň, hususan-da Birleşen Ştatlaryň sebitdäki durnuklylygy saklamaga kömek etmegiň hötdesinden gelmändigini aýtdy.