4-nji fewralda ABŞ-nyň güýçleri Ýemendäki bäş sany raketa sebitine garşy howa zarbalaryny urdy. Raketalaryň biriniň ýer nyşanalaryny, beýlekileriniň hem suwdaky nyşanalary urmaga niýetlenendigi bellenilýär.
Mundan bir gün öň, ABŞ-nyň we Britaniýanyň güýçleri Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanylýan Huthi jeňçileriniň nyşanalaryna garşy howa zarbalaryny urupdylar.
“ABŞ-nyň güýçleri özüni goramak maksady bilen Huthileriň ýerden atýan ganatly raketalaryna garşy zarbalary urdy”, mundan soňra-da, “Gyzyl deňizde gämilere garşy ulanmaga taýýar edilen dört sany ganatly raketany urdy” diýip, Merkezi Serkerdeligiň beýanatynda aýdylýar.