"Adaty ýagdaý" ýa-da "asla ýeri ýok"? Russiýa Türki döwletleriň guramasyna goşulyp bilermi?

Illýustrasiýa suraty

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Russiýany Türki döwletleriň guramasyna (TDG) çagyrmak baradaky teklibi oktýabryň ahyrynda öňe sürüldi. Şondan bäri Moskwanyň gurama gatnaşmak mümkinçiligi baradaky açyk çekişmelerde arakesme döredi. Astana bilen Kreml taryhy baglanyşyklary we Russiýada ýaşaýan millionlarça türki halk wekillerini agzadylar. Tankytçylar bolsa Moskwa türki dilleriň okadylmagyny azaldyp, milli aktiwistleri yzarlaýarka, hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňleriň «ikiýüzlülik» bolup görünýändigini aýtdylar. Indi näme bolar? Moskwa bilen TDG biri-birine gerekmi?

Tokaýewiň teklibi

30-njy oktýabrda Ankarada geçirilen TDG sammitinde Kasym-Žomart Tokaýew Russiýa synçy derejesini bermegi ýa-da «TDG+» görnüşinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi. Ol teklibini Moskwanyň türki dünýä bilen taryhy baglanyşyklaryna we Russiýada köp sanly türki halkyň ýaşaýandygyna esaslandyrdy.

«Iri döwlet bolan Russiýa türki dünýä bilen asyrlarboýy ýakyn gatnaşyklary saklap gelýär. Bu ýurduň çäginde köp sanly türki halkyň wekilleri taryhy taýdan ýaşap gelýärler» diýip, Tokaýew aýtdy.

Türki döwletleriň guramasynyň sammiti. Ankara, 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabry.

Onuň sözlerine görä, rus dilinde türki dillerden geçen sözler az däl. Russiýanyň gurama gatnaşmagy bolsa ähli agza döwletlere peýda getirip bilerdi. Kreml bu pikiri goldady.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow hem ýurtda ilaty taryhy taýdan türki halklara degişli bolan sebitleriň bardygyny nygtady. Ol Moskwanyň gurama gatnaşmagyny «düşnükli we maksadalaýyk» diýip atlandyrdy.

«Moskwanyň şeýle guramanyň işine gatnaşmagy adaty zat. Ýöne oňa Russiýanyň aýry-aýry sebitleri däl-de, tutuş ýurt hökmünde gatnaşmaly» diýip, Peskow aýtdy.

Emma sammitiň özünde Tokaýewiň başlangyjyny beýleki liderler açyk goldamadylar. Ne Türkiýäniň prezidenti, ne-de TDG-ä girýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary oňa açyk seslendiler.

Wideo (rusça): Russiýa türki dünýä goşulmak isleýär: hyzmatdaşmy ýa-da öz aralaryndaky kesekimi?

«Bu ikiýüzlülik ahyryn»

Russiýany TDG-ä goşmak pikirine birnäçe türki gurama we aktiwist garşy çykdy. Aktiwist, daşary ýurtdaky Başgyrt milli hereketiniň ýolbaşçylarynyň biri Ruslan Gabbasow Moskwany türki birleşige çagyrmagyň Russiýanyň öz içindäki tatarlaryň, başgyrtlaryň, ýakutlaryň we beýleki türki halklaryň ýagdaýyny äsgermezlik etmekdigini hasaplaýar.

«Häzirki wagtda erkinlige çykan, özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ýaly görünýän türki ýurtlaryň bu imperiýany türki döwletleriň birleşigine çagyrmagyna geň galdyk. Russiýanyň ol ýerde asla ýeri ýok» diýip, Gabbasow aýdýar.

Ruslan Gabbasow başgyrt dili baradaky kanuny goldap piket geçirýär. Ufa, 2018-nji ýylyň 19-njy iýuly.

Ol Russiýada «ruslaşdyrmagyň» dowam edýändigine we milli dillerde bilim bermegiň azalýandygyna ynanýar. Gabbasowyň bellemegine görä, bu ýagdaý Russiýanyň türki dünýä bilen köp asyrlyk hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňleri ynandyryjy etmeýär.

«Russiýa häziriň özünde, iň bolmanda, Putiniň soňky dolandyryş döwürleriniň dowamynda bütin dünýäniň gözüniň öňünde türki halklary ýok edýär. Aç-açan assimilýasiýa, ilaty öz milli aňyndan we ýadyndan mahrum etmek, ruslaşdyrmak dowam edýär. Dillerimiz, milli bilimimiz ýok edilýär» diýip, aktiwist aýdýar.

Gabbasowyň sözlerine görä, onuň dogduk mekany Başgyrdystanda ýigrimi ýyl ozal mekdebiň käbir dersleri başgyrt dilinde okadylýardy. Häzir bolsa bu dili öwrenmek mümkinçiligi iň pes derejä ýetirildi.

Çagalar tatar şahyry Gabdulla Tukaýyň hormatyna geçirilen mekdep çäresinde. Ufa, 2010-njy ýylyň 29-njy apreli.

«20 ýyl ozal Başgyrdystanyň mekdeplerinde algebra, geometriýa, fizika, himiýa başgyrt dilinde okadylýardy. Häzir başgyrt diline hepdede diňe bir sagat galdy. Bu Moskwanyň syýasaty. Russiýany çagyryp, onuň türki dünýä bilen köp asyrlaryň dowamynda ýakyn hyzmatdaşlyk edendigini aýtmak, bu ikiýüzlülik ahyryn» diýip, Ruslan Gabbasow Kasym-Žomart Tokaýewiň teklibini tankytlady.

Resmi päsgelçilik

Türkiýede hem Russiýanyň gatnaşmagyna garşy pikir aýdyldy. Häkimiýet başyndaky Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Kürşat Zorlu TDG-de synçy derejesini türki ýa-da garyndaş dilleriň birini ýurduň tutuş çäginde döwlet ýa-da resmi dil hökmünde ykrar edýän döwletleriň alyp biljekdigini ýatlatdy. Russiýada hiç bir türki diliň şeýle derejesi ýok. Tatar, başgyrt, ýakut, çuwaş we beýleki diller, ilkinji nobatda, aýry-aýry respublikalaryň çäginde ulanylýar, tutuş ýurt derejesinde däl.

Kürşat Zorlu

«Bu topara girmeýän üçünji ýurtlar üçin özara bähbitlere esaslanýan çeýe hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin geçen ýyl “TDG+” hyzmatdaşlyk nusgasy kabul edildi» diýip, Zorlu Türkiýäniň Anadolu döwlet habar gullugyna beren söhbetdeşliginde aýtdy.

Bu ýerde ýerlikli bir sorag ýüze çykyp biler: onda Wengriýa TDG-ä nähili goşuldy?

Wenger dili türki diller maşgalasyna degişli däl. Ol ural diller maşgalasynyň fin-ugor şahasyna girýär. Diňe dil talabyna berk eýerilse, Wengriýa hem 2018-nji ýylda berlen synçy derejesini almaly däldi.

Emma bu 2021-nji ýylda täze dil ölçegleri kabul edilmezden öň bolupdy. Şonuň üçin, tankytçylaryň aýtmagyna görä, Budapeştiň synçy derejesini Moskwa üçin awtomatik esas hökmünde kabul edip bolmaz.

TDG nähili gurama we Russiýanyň oňa gyzyklanmasynyň sebäbi näme?

Türki döwletleriň guramasy 2009-njy ýylda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi hökmünde döredildi. Häzir oňa Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Azerbaýjan we Türkiýe girýär. Türkmenistan, Wengriýa we halkara derejesinde ykrar edilmedik Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy synçy derejesine eýe.

TDG-ä agza ýurtlaryň ýolbaşçylary we synçy ýurtlaryň prezidentleri. Gabala, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabry.

Gurama ykdysadyýet, söwda, ulag, medeniýet we bilim meseleleri bilen meşgullanýar. Emma soňky ýyllarda oňa türki döwletleriň syýasy taýdan ýakynlaşýan meýdançasy hökmünde hem barha köp seredilýär. Söhbetdeşlerimiziň bellemegine görä, hut şonuň üçin Russiýanyň mümkin bolan gatnaşygy adaty diplomatik mesele bilen çäklenmeýär. Ukraina garşy giň gerimli urşuň başlanmagyndan, Günbataryň sanksiýalary girizmeginden we sebitdäki syýasy ýagdaýyň üýtgemeginden soň, Moskwa Merkezi Aziýadaky täsirini saklamaga gyzyklanýar.

Duşenbede geçirilen «Merkezi Aziýa – Russiýa» sammitiniň gatnaşyjylary. 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabry.

Şol bir wagtyň özünde, Türkiýe türki döwletler bilen gatnaşyklaryny berkidýär, Hytaý bolsa sebitdäki ykdysady ornuny giňeldýär. Şeýle şertlerde TDG birnäçe iri güýjüň bähbitleriniň kesişýän giňişligine öwrülýär.

Russiýa türki birleşige onuň ady TDG diýlip üýtgedilmezden öň hem gyzyklanma bildiripdi. 2016-njy ýylyň iýulynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gurama düzgünlerini üýtgedip, türki dilli ilatyň köplügi düzmeýän ýurtlaryna hem goşulmaga rugsat berse, Moskwanyň agzalyk meselesine seretmäge taýýardygyny aýdypdy.

Gazagystanly türkolog Madi Raimow häzirki başlangyjyň Moskwa we Ankara bilen öňünden gelnen ylalaşyklaryň netijesi bolup biljekdigini aradan aýyrmaýar. Muny tassyklaýan açyk maglumat ýok. Emma onuň pikiriçe, şeýle meseleler seýrek ýagdaýda taýýarlyksyz öňe sürülýär.

Madi Raimow

«Russiýa ilkibaşdan bu gurama gatnaşmaga gyzyklanýardy, emma şonda onuň islegleri, aslynda, äsgerilmedi. Häzir hem Moskwanyň gatnaşmak isleýändigini aýdandygy aýdyň. Ýöne, meniň pikirimçe, Türkiýe hem Russiýany çagyrmagyň başlangyççylarynyň biri bolup bilerdi. Ilkinji nobatda, ykdysady sebäplerden. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň belli bir derejede kolonial tejribäni başdan geçirendigini, Türkiýäniň bolsa muny başdan geçirmändigini göz öňünde tutmaly. Ol Russiýa ýaly özi imperiýa bolupdy we köp babatda ýagdaýa öňki imperiýanyň nukdaýnazaryndan seredýär. Tokaýew barada aýdylanda bolsa, meniň pikirimçe, ol has köp araçy hökmünde çykyş etdi» diýip, Madi Raimow belleýär.

«Russiýa türki agzybirlikden elmydama gorkupdy»

Russiýanyň TDG-ä gatnaşmak mümkinçiligi baradaky jedel resmi ölçeglerden we diplomatik sözlerden has giň meseleleri öz içine alýar. Russiýanyň türki respublikalaryndan bolan käbir aktiwistler üçin esasy sorag Moskwanyň guramanyň dil talaplaryna laýyk gelýändigi däl-de, onuň türki giňişlikde nähili orun eýelemek isleýändigidir.

Ruslan Gabbasowyň pikiriçe, Moskwa deňhukukly hyzmatdaşlyga däl-de, türki döwletleriň jebisleşmeginiň öňüni almaga we olaryň gün tertibine täsirini saklamaga gyzyklanýar.

Ruslan Gabbasow.

«Russiýa türki dünýäden we türki agzybirlikden elmydama gorkupdy. Ol näme üçin Türki döwletleriň guramasyna girmäge dyrjaşýar? Meniň üçin diňe bir zat aýdyň: netijeli gepleşikler ýa-da işler üçin däl-de, hut şu birleşigi bozmak, oňa ýolbaşçylyk etmek üçin. “Ýok edip bilmeseň, başyna geç” diýilýär ahyryn. Bu ýerde-de şol bir syýasat alnyp barylýar» diýip, Gabbasow belleýär.

Käbir synçylar Tokaýewiň Russiýany TDG-ä goşmak mümkinçiligi baradaky başlangyjynyň Moskwa çakylyk däl-de, onuň düzüminde türki respublikalaryň bardygyny ýatlatmagyň diplomatik usuly bolup biljekdigini hasaplaýarlar.

Jahongir Muhammad

«Russiýanyň wekilleri nirä barsalar-da, hemişe ruslar barada ýatladýarlar. Lawrow Samarkanda baranda: “Näme üçin sizde ýazgylar özbekçe we iňlisçe, rusça däl? Biz bile bolupdyk ahyryn” diýipdi. Şonuň üçin Russiýa hem onuň çäginde türki halklaryň ýaşaýan respublikalarynyň bardygyny ýatlatmaly: Tatarystandan we Başgyrdystandan başlap, Ýakutystana çenli. Guramanyň ady “Türki döwletleriň guramasy” ahyryn. Goý, Russiýa goşulsyn we türki döwlete öwrülsin. Emma ol muny başaryp bilmez. Bu ýerdäki maksat Tatarystana, Başgyrdystana we beýleki respublikalara ýol açmakdyr» diýip, Özbegistanyň parlamentiniň öňki deputaty Jahongir Muhammad belleýär.

Şu nukdaýnazardan, Russiýanyň TDG-ä gatnaşmagy baradaky çekişme Tatarystan, Başgyrdystan, Saha (Ýakutystan) we beýleki respublikalar baradaky meseläni halkara derejesine çykaryp biler. Gürrüň olar barada garaşsyz döwletler hökmünde däl-de, türki medeni we syýasy giňişligiň bölekleri hökmünde gidýär.

Näbelli geljek

Häzirlikçe Russiýa ne çakylyk aldy, ne-de Türki döwletleriň guramasynda orun. Emma Tokaýewiň başlangyjy eýýäm birleşigiň geljegi baradaky jedele öwrüldi.

Moskwa üçin TDG-ä gatnaşmak syýasy täsiriniň ýene bir guraly bolup bilerdi. Agza ýurtlar üçin bolsa bu hem täze mümkinçilik, hem-de täze syýasy töwekgelçilikdir.

Esasy gapma-garşylyk üýtgewsiz galýar: Moskwa Russiýada ýaşaýan millionlarça türki halk wekillerine salgylanýar, emma şol halklaryň wekilleri häkimiýetleri ene dillerini öwrenmek we milli özboluşlylygyny saklamak mümkinçiliklerini çäklendirmekde tankytlaýarlar.

Kazanda tatar mekdebiniň ýapylmagyna garşy gol ýygnalýar. 2016-njy ýylyň 12-nji maýy.

«Döwlet baştutany türki halklary ruslaşdyrmak, olaryň milli aňyny ýok etmek, aktiwistleri kemsitmek we yzarlamak syýasatyny alyp barýan bolsa, ol halkara arenasynda biziň hukuklarymyzy nähili gorap we bize nähili wekilçilik edip biler?» diýip, Gabbasow soraýar.

Şu şertlerde Russiýanyň TDG-ä gatnaşmagy baradaky mesele diňe agzalyk ýa-da synçy derejesi barada däl. Esasy mesele Russiýanyň içindäki türki halklaryň öz sesini eşitdirip biljekdigi ýa-da Moskwanyň ýene olaryň adyndan gürlejekdigidir.