Partlamada ýedi owgan esgeri öldi
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
1-nji oktýabrda Kabulda harbylaryň awtobusynyň golaýynda “Talibanyň” janyndan geçen hüjümçisiniň amala aşyran bomba partlamasy zerarly azyndan ýedi sany owgan esgeri wepat boldy we 15 adam ýaralandy. Kabulda bolan ýene bir bomba partlamasynda Owganystanyň goşunynyň azyndan alty esgeri wepat boldy. Bu hüjümler Owganystanyň ABŞ bilen amerikan esgerleriniň ýurtda 2014-nji ýylyň aýagyndan soň hem galmagyna rugsat berýän ylalaşygyň baglaşylmagynyň ertesi ýüze çykdy.