Owganystanyň iň meşhur minaralarynyň birinde alnyp barylýan dikeldiş işleri, bilermenleriň aýtmagyna görä, “Talybanyň” häzirki ýolbaşçylarynyň medeni mirasa has oýlanyşykly çemeleşýändiginiň ýene bir alamatydyr. Bu ýagdaý 1990-njy ýyllarda heýkelleri ýok eden toparyň öňki ýolbaşçylarynyň hereketlerinden tapawutlanýar.
Sentýabryň ortalarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Jam minarasyny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň suratlary internetde peýda boldy. Suratlar “Talybanyň” bir wekiliniň XII asyra degişli bu binagärlik ýadygärligine sapary wagtynda düşürilipdir. Minara Owganystanyň Gor welaýatynyň çetki jülgeleriniň birinde ýerleşýär. Resmi işgär iýul aýynda başlanandygy habar berlen dikeldiş işleriniň gidişini barlamak üçin bu ýere barypdyr.
Bu ýadygärlik bilen birnäçe beýleki gurama bilen bilelikde işleýän “Aga Khan Trust for Culture” gaznasynyň wekili Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna taslamanyň minaranyň düýbündäki içki kerpiç sütüniň aýratyn möhüm bölegini berkitmek boýunça “gyssagly çäreleri” göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Aýratyn duran bu minara birnäçe gezek suw joşmalaryndan zyýan çekdi we uzak wagtlap ýykylmak howpy astynda boldy.
“Aga Khan Development Network” tarapyndan berlen suratda sentýabryň başynda minarada alnyp barlan dikeldiş işleri görkezilýär.
Britaniýaly binagär we dikeldiş boýunça hünärmen Jolion Lezli 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri Owganystanda ýaşaýar. Ol 1996–2001-nji ýyllarda häkimiýet başynda bolan ilkinji “Talyban” hökümeti bilen hem işleşipdi.
Lezli Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna häzirki ýolbaşçylaryň öňki “Talyban” häkimiýeti bilen deňeşdirilende, “medeniýet meselelerine has pragmatik çemeleşýändiklerini we medeni mirasy goramak bilen bagly abraýyň ähmiýetine düşünýändiklerini” aýtdy.
“Afghan Cultural Heritage Consulting Organization” bilen hyzmatdaşlyk edýän medeni mirasy goramak boýunça hünärmen Lezli öz guramasynyň gözegçiliklerine we tejribesine salgylanyp: “2021-nji ýyldan bäri [“Talyban” häkimiýetleri] umuman ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri goldaýarlar we biziň işimize päsgel bermeýärler. Bu işler budda we ýewreý mirasyna degişli desgalary hem öz içine alýar” diýdi.
2001-nji ýylyň fewralynda “Talybanyň” ilkinji hökümetiniň ýolbaşçylary Owganystandaky heýkelleri we yslam dinine degişli bolmadyk mukaddes ýerleri ýok etmek barada buýruk beripdi. Şol buýrugyň iň köp tanalýan netijesi Bamiýandaky äpet Budda heýkelleriniň we Kabul Milli muzeýindäki müňlerçe gadymy heýkeliň ýok edilmegi boldy. Bu wakalar “Talyban” häkimiýetiniň agdarylmagyndan birnäçe aý öň bolup geçdi.
2021-nji ýylda “Talyban” Owganystanyň gözegçiligini gaýtadan ele geçirenden kän wagt geçmänkä, Lezli Kabul muzeýinde geçirilen duşuşykda ýeke-täk günbatarly wekil bolupdyr. Ol soňra şol duşuşykda “Talybanyň” bir resmisiniň 2001-nji ýylda bütin dünýäde uly nägilelige sebäp bolan weýrançylyklar üçin gynanç bildirýän ýaly bolandygyny ýatlapdy.
Kabul muzeýindäki hytaýly syýahatçylar, 2025-nji ýylyň apreli
Çikago uniwersitetiniň arheologiýa professory we döwlen muzeý heýkellerini dikeltmek işlerine ýolbaşçylyk eden Gil Staýn “Talybanyň” häzirki wagtda medeni mirasa bolan çemeleşmesiniň toparyň alyp barýan beýleki syýasatlary bilen düýpli tapawutlanýandygyny aýdýar.
"Owganystan bilen bagly ähli zatlarda bolşy ýaly, bu ýagdaý hem çylşyrymly we gapma-garşylykly. Esasy zat, 'Talyban' hökümetini bitewi we birmeňzeş diýip hasaplap bolmaýandygyna düşünmekdir” diýip, Staýn Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda nygtaýar. “Köp babatda hut şonuň üçin 'Talybanyň' aýallara bolan syýasaty (ol örän gazaply häsiýete eýe) bilen medeni miras babatdaky syýasatynyň (ol has oýlanyşykly bolup, sebite we Kabula bolan uzaklygyna görä üýtgeýär) arasynda düýpli tapawutlar bar".
“Talyban” aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny ep-esli çäklendirdi. Hususan-da, olaryň bilim almagyna we işlemegine çäklendirmeler girizildi, şeýle hem köpçülik ýerlerinde bedenini we ýüzüni doly ýapmak talap edildi.
Ýüzüni ýapan teleýaýlym alyp baryjy zenan Kabuldaky studiýada myhman bilen söhbetdeş bolýar, 2022-nji ýylyň maýy.
“Talybanyň” medeni mirasa bolan ritorikasy häkimiýeti gaýtadan ele geçirmezinden öň hem üýtgäp başlapdy. 2021-nji ýylyň fewralynda, Kabul ele geçirilmezinden birnäçe aý öň, “Talyban” ähli “mujahidlere” ýüzlenip, “gadymy galalar, minaralar, diňler we beýleki şuňa meňzeş ähli taryhy desgalary gorap saklamaga, olaryň zaýalanmagynyň, weýran edilmeginiň we könelmeginiň öňüni almaga” çagyrýan görkezme çykardy.
Köp adamlar bu görkezmä şübhe bilen garadylar. “Talyban” 2021-nji ýylda Kabula tarap öňe süýşüp barýarka, käbir muzeý işgärleri medeni gymmatlyklary howlukmaç ýagdaýda gizlin ammarlara geçiripdi.
Emma Kabul “Talybanyň” eline geçenden kän wagt geçmänkä Milli muzeý täzeden açyldy. Bu gezek ony ýaragly “Talyban” agzalary goraýardy. Şondan bäri birnäçe dikeldiş taslamasy tassyklandy. Olaryň arasynda Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda ýerleşýän bir sinagoganyň dikeldilmegi hem bar.
Dikeldiş işleri alnyp barylýan mahaly Jam minarasynyň içindäki işçiler.
Jam minarasynyň dikeldilmegi barada soralanda, Staýn şeýle diýdi: “Umuman aýdanymda, “Talybanyň” ideologiýasy üýtgän däldir diýip pikir edýärin. Emma olar medeni miras babatdaky syýasatyny, aýratyn-da daşary ýurtlularyň ünsüni çekýän ýerlerde, has pragmatik we seresaply amala aşyrmaga başladylar.”
“Aga Khan Development Network-yň” maglumatyna görä, minarada alnyp barylýan barlaglar “Talyban” hökümetiniň Medeniýet ministrligi we Ženewada ýerleşýän, medeni mirasy goramak bilen meşgullanýan ALIPH gaznasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Barlag işleriniň 2027-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Netijede “Owganystanyň häkimiýetlerine ýadygärligiň geljekde goragyny üpjün etmek üçin zerur bolan ylmy çäreler barada teklipler berler”.