Türkmenistanyň Ahal welaýatyndan bolan wekiliýet topary Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynda saparda boldy.
Türkmenistanyň hökümetçi neşiri 21-23-nji fewral aralygyndaky saparyň barşynda, türkmen delegasiýasyna Ahalyň häkimi Röwşen Hojagulyýewiň ýolbaşçylyk edendigini aýdýar.
Bellesek, Eýranyň demirgazygyndaky sebitlerde aglaba etniki türkmenler ýaşaýarlar.
Maglumata görä, Demirgazyk Horasanyň häkimi “iki ýurduň arasynda 300 km serhediň bardygyny” belläpdir, we “aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň ýerlikli boljakdygyny” aýdypdyr.
Hojagulyýew bolsa, Eýran bilen söwda we gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegine ymtylmany beýan edipdir, şeýle-de Ahalyň keselhanalarynyň “gowy üpjünçiligine” ünsi çekip, iki ýurduň saglyk hünärmenlerini özara tejribeleri we maglumatlary paýlaşmaga çagyrypdyr.