Al-Kaýdadan "ýalňyz möjeklere" we emeli aňa çenli: 11-nji sentýabrdan bäri terrorçylyk nähili üýtgedi

«Al-Nusra Frontunyň» agzasy penjeginde Al-Kaýdanyň baýdagy bilen (ortada), Siriýanyň Aleppo şäheriniň eteginde toparyň beýleki söweşijileri bilen bilelikde pozisiýada dur. (arhiw suraty)

Farhad N. 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda alnyp gaçylan ýolagçy uçarlary Nýu-Ýorkdaky Bütindünýä Söwda Merkeziniň ekiz diňlerine bilkastlaýyn urlanda bary-ýogy birnäçe aýlyk bäbekdi. ABŞ-a garşy amala aşyrylan şol hüjümlerde müňlerçe adam öldi.

Ýigrimi bäş ýyl soň bolsa, ol Mýunhende “Mini Cooper” kysymly awtoulagy adamlaryň mähellesiniň arasyna sürüp girendigi, netijede iki adamyň ölmegine we onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygy üçin ömürlik azatlykdan mahrum edildi.

25 ýaşly owgan raýatynyň wakasy 11-nji sentýabrdan bäri dünýäniň nähili üýtgändigini görkezýär: terror howpy-da, oňa garşy göreş çäreleri-de yzygiderli özgerýär.

11-nji sentýabr hüjümlerini saudly millioner Usama bin Laden tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Al-Kaýda guramasy meýilleşdiripdi. Şol döwürde gurama Kabuldaky Taliban häkimiýetleriniň goragyndady. Hüjümlerden soň Taliban häkimiýetden agdaryldy.

Şondan soň Farhad N. (familiýasy Germaniýanyň şahsy maglumatlary goramak düzgünlerine laýyklykda gysgaldylan) ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Talibany häkimiýetden uzakda saklamak üçin 20 ýyllap söweş alyp baran ýurdunda ulalyp başlady.

Soňra ol parahatçylyk we abadançylyk gözläp Ýewropa giden ýüz müňlerçe owganyň biri boldy. Emma ol soňy bilen öz ýurdundaky ymamlar tarapyndan internetde ýaýradylan propaganda arkaly radikallaşdy.

Onuň belli bir gurama degişli bolandygy ýa-da haýsydyr bir topar bilen aragatnaşygy bolandygy barada maglumat ýok. Görnüşine görä, ol doly öz başlangyjy bilen hereket edipdi.

«Öňler biz beýle adamlary ýeke hereket edýän hüjümçiler ýa-da “ýalňyz möjekler” diýip atlandyrardyk. Geljek şular bilen bagly bolar» diýip, terrorçylyga garşy göreşde onlarça ýyllyk tejribesi bolan ABŞ-nyň öňki diplomaty Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Adynyň aýan edilmegini islemedik öňki diplomat: «Indi hiç kime haýsydyr bir toparyň agzasy bolmak zerur däl… Ol bir topardan ruhlanyp biler, hatda birnäçe topardan täsir alyp biler» diýdi. Şeýle hem ol emeli aň ulgamyndaky ösüşleriň terror howpunyň ösüşinde eýýäm ýüze çykan möhüm öwrülişik pursadyny has-da güýçlendirýändigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy 25 ýyl ozal ýok bolan dronlar, emeli aň we sosial media ýaly tehnologik mümkinçilikleriň düýbünden täze we has howply gurşawy nähili döredýändigi barada birnäçe hünärmen bilen söhbetdeş boldy.

«Internetde has köp işjeňligi görüp başlaýarys. Şeýle hem sosial mediada täsirli şahslaryň has köp ulanylýandygyny hem görýäris… Terrorçylyk gurşawynda öwrenişen adaty hereket edýän toparlarymyzdan başga-da, ýeke hereket edýän hüjümçiler we başgalaryň täsirine düşýän adamlar hem bar» diýip, pensiýadaky ABŞ generaly Jozef Wotel Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Wotel 2001-nji ýylyň oktýabrynda, Nýu-Ýork we Waşingtondaky 11-nji sentýabr hüjümlerinden bary-ýogy birnäçe hepde soň, ABŞ goşunlarynyň Kandahardaky Taliban pozisiýalaryna paraşýutly hüjümine ýolbaşçylyk edipdi. Soňra ol «Terrora garşy uruş» diýlip atlandyrylan operasiýalarda möhüm rol oýnady, Yrakda gulluk etdi we «Yslam döwleti» (YD) toparynyň söweşijilerine garşy operasiýalara ýolbaşçylyk etdi.

«Bu terrorçylyk guramalary ýok bolup gitmedi. Olar mümkin boldugyça täze şertlere uýgunlaşmagy dowam etdirdiler… Olar has kämilleşdiler» diýip, ol aýtdy. «Howpsuzlyk hünärmenleri üçin häzirki gurşaw indi has çylşyrymly.»

«Köne nesliň terrorçylary»

Al-Kaýdanyň 11-nji sentýabrdan soňky taryhynyň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň dürli şahamçalarynyň döremegi boldy. Somalidäki Al-Şabab we Günbatar Afrikanyň Sahel sebitindäki «Jama'at Nusrat al-Islam wal-Muslimin» (JNIM) ýaly toparlar öz ýerli maksatlaryny Al-Kaýdanyň geljekde halkara derejesinde täze hüjümleri amala aşyrmak baradaky maksady bilen baglanyşdyryp, oňa goşuldylar.

Şeýle ýaýrawly gurluş ABŞ-nyň harby güýçleriniň 11-nji sentýabrdan soňky aýlarda Al-Kaýdanyň ýolbaşçylaryna güýçli zarba urup, guramany Owganystandaky howpsuz gaçybatalgalaryndan mahrum etmegine garamazdan, Al-Kaýdanyň adynyň we ulgamynyň ýaşamagyny üpjün etdi.

Maý aýynda çap edilen ABŞ-nyň täze Terrorçylyga garşy göreş strategiýasy Al-Kaýdany we «onuň iň agressiw şahamçasy bolan Arap ýarymadasyndaky Al-Kaýdany» (AQAP) «öňden gelýän yslamçy terrorçylar» diýip atlandyrýan howplarynyň sanawynda ilkinji orunlarda goýýar.

Eýranyň Al-Kaýda we «jenaýatçy araçy toparlar» bilen gatnaşyklary

ABŞ-nyň Terrorçylyga garşy göreş strategiýasynda Al-Kaýda uly howp hökmünde görkezilýär, Eýran bolsa «dünýäde terrorçylygy döwlet derejesinde goldaýan birinji ýurt» diýlip häsiýetlendirilýär. Tähranyň Waşington tarapyndan terrorçylyk guramalary diýlip yglan edilen Hizbulla we Hamas ýaly toparlary goldaýandygy giňden dokumentleşdirildi.

Eýranyň Al-Kaýda bilen hem köpden bäri gatnaşyklary bar. BMG-niň birnäçe hasabatynda toparyň hakykatda ýolbaşçysy hasaplanýan Saif al-Adeliň Tähranda ýaşaýandygy aýdylýar. Şeýle-de bolsa, soňky hasabatlaryň birinde 28-nji fewraldan bäri sebitde dowam edýän konfliktiň onuň howpsuzlygyna howp salan bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şaýy Eýran bilen sünni söweşiji toparyň arasynda ilkibaşda geň görünýän gatnaşygyň düýbünde pragmatiki bähbitler ýatyr. ABŞ-nyň pensiýadaky generaly Jozef Woteliň sözlerine görä, Tähran Al-Kaýdany peýdaly hasaplaýar, sebäbi onuň hereketleri «ABŞ-a çykdajy we zyýan ýetirýär». Al-Adeliň Eýranda gaçybatalga tapmagy Tährana onuň üstünden täsir güýjüni hem berip biler.

Eýran şeýle hem Waşington tarapyndan terrorçylyk guramasy diýlip yglan edilen başga bir sünni topar bolan Hamasy goldady. Ol Hamasyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyla garşy amala aşyran hüjümini hem goldady. Şol hüjümde takmynan 1 müň 200 adam öldürildi we 250 adam zamun alyndy.

Eýran has uzak ýerlerde hem araçy güýçlerden peýdalanmakda aýyplanýar. “West Point” harby akademiýasynyň Terrorçylyga garşy göreş merkeziniň 2025-nji ýyldaky hasabatynda Tähranyň özüniň göni gatnaşygyny inkär etmek mümkinçiligini saklamak üçin hüjümleri amala aşyrmakda «jenaýatçy araçy toparlary» barha köp ulanýandygy bellenildi.

BMG-niň geçen aý çap eden hasabatynda bolsa AQAP global Al-Kaýda hereketiniň «öň hatardaky güýji» diýlip häsiýetlendirildi.

Soňky ýyllarda geçirilen barlaglar Al-Kaýdanyň dürli şahamçalarynyň maliýeleşdirmek we tälim meselelerinde biri-biri bilen nähili hyzmatdaşlyk edýändigini görkezdi. Mysal üçin, BMG-niň gözegçileri geçen ýyl JNIMe tölenen 50 million dollarlyk ýeke-täk zamun puly barada habar berdiler. Şol pul soňra Yslam Magribindäki Al-Kaýda (AQIM), Ýemendäki AQAP we «Günorta Aziýadaky Al-Kaýdanyň ýokary ýolbaşçylary» bilen paýlaşylypdyr.

Şol bir wagtyň özünde olar internetdäki propagandasyny hem güýçlendirýärler.

«Owganystandan çekilenden soň, Ýemendäki Al-Kaýdanyň propagandasy diýseň artdy we şu güne çenli dowam edýär. Olar soňky birnäçe ýylda meniň çap eden zatlarymdan hem köp material çap etdiler» diýip, terrorçylyk boýunça hünärmen, “Frontier Security Institute” guramasynyň we Jorj Waşington uniwersitetiniň Ekstremizm boýunça maksatnamasynyň ylmy işgäri Sara Harmuş Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

«Ýemendäki Al-Kaýda bary-ýogy birnäçe aý mundan ozal beýannamalar we wideolar bilen çykyş edip, “ýalňyz möjek” hüjümlerine çagyrdy. Olar Günbatarda ýaşaýan adamlary ABŞ-nyň öz çäginde we Ýewropada hüjüm etmäge çagyrdylar» diýip, ol aýtdy.

Körleýin hereket edýärismi?

Çalt özgerýän bu şertlerde ýene bir mesele bar: terrorçylyga garşy göreş mümkinçilikleriniň azalmagy.

«Biz näme bolup geçýändigini doly görmän hereket edýäris. Soňky bir ýarym ýylyň dowamynda… işgärlerimizi hem, maliýeleşdirilişimizi hem ýitirdik» diýip, öňki diplomat aýtdy. Ol häzirki geosyýasy ýagdaýyň bu kynçylygy has-da güýçlendirendigini belledi.

«Häzirki wagtda biz 7-nji oktýabrdan [2023-nji ýylda Hamasyň ýolbaşçylygynda Ysraýyla edilen hüjümden] soňky ýagdaý bilen dowam edýän Eýran urşunyň arasynda, göýä tupanyň edil merkezinde galan ýaly» diýip, ol sözüni dowam etdirdi. «Ýerlerde işlemek boýunça uly tejribesi we edaradaky toplanan bilimi bolan köp sanly gowy hünärmenleri ýitirdik».

2-nji sentýabrda Jorj Waşington uniwersitetiniň geçiren webinarynda terrorçylyga garşy göreş boýunça beýleki öňdebaryjy hünärmenler hem şuňa meňzeş aladalary aýtdylar.

“Strategik we Halkara Barlaglar Merkezinden” Tom Sanderson «terrorçylyga gönükdirilýän ünsüň, býujetleriň we işgärleriň azalandygyny» belledi. “Daşary Gatnaşyklar Geňeşinden” Brýus Hoffman bolsa geçen ýyl gaýtadan gurluşlandyrylan Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy göreş býurosyndan işgärleriň köpçülikleýin gidendigini aýtdy.

Harabalyklardan hatyralama çenli: 11-nji sentýabr bilen bagly ýerler öň we häzir

Bu makalada gozgalan meseleler boýunça Ak Tamdan ýa-da Döwlet departamentinden dessine teswir bolmady. Terrorçylyga garşy göreşe bölünip berilýän maliýe serişdesi 2018-nji ýylda geçirilen seljermeden soň azalyp başlady we bu azalmalar 2025-nji ýyldan bäri has-da çaltlaşdy.

ABŞ-nyň Terrorçylyga garşy göreş strategiýasynda: «Howplara öňkiçe garamagyny dowam etdirýän aňtaw jemgyýetçiligi ýurdumyza gowy hyzmat etmedi» diýilýär.

Waşingtonda ýerleşýän ýene bir seljeriş merkezi CNA-nyň ylmy barlaglar boýunça ýolbaşçysy Jonatan Şroden Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna soňky ýyllarda syýasatda düýpli üýtgeşmäniň bolandygyny aýtdy.

«Maksatlarymyz bu toparlary doly ýok etmekden olaryň döredýän howpuny netijeli dolandyrmaga tarap üýtgedi… ýagny şol howpuň ABŞ-nyň öz çägine ýetmeginiň öňüni almak» diýip, ol aýtdy.

«Meniň pikirimçe, ABŞ-nyň häzirki wagtda döredilen ulgamy soňky bäş-ýedi ýylyň dowamynda bu maksady ýerine ýetirmekde, umuman, netijeli boldy» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.