Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiang sebitinde tussaglykda saklanýan etniki gazaklaryň ýakynlary, Hytaýyň Gazagystanyň iň iri şäheri Almatydaky konsulhanasynyň öňünde protest çärelerini dowam etdirip, ýakynlarynyň azat edilmegini talap etdiler.
8-nji fewraldaky protest çäresinde gazaplylygyň bolandygy barada maglumat gowuşmady. Şol bir wagtda, polisiýa demonstrantlary konsulhananyň binasynyň golaýyna goýbermedi.
Protestiň dowamynda 68 ýaşly Halida Akythan huşuny ýitirdi we Tiz kömek ulagynda äkidildi. Ol Hytaýda iki oglunyň, “diňe musulman bolany üçin” diýip, 22 we 10 ýyl türmä höküm edilendigini aýtdy.
Hytaý konsulhanasynyň wekilleri protestçileriň öňüne çykmadylar.
Sebite gözegçilik edip duran polisiýa, Azatlygyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdi.
2021-nji ýyldan bäri Almatyda demonstrantlar Hytaý konsulhanasynyň öňünde dowamly protest çärelerini geçirýärler. Olar Sinjiangda musulman adatlaryny berjaý edeni üçin tussaglykda saklanýan ýakynlarynyň azat edilmegini talap edýärler.