Almatynyň sudy Gazagystanda ýaşaýan garagalpaklaryň hak-hukuklaryny goraýan aktiwist Akylbek Muratowyň ekstradisiýa baradaky netijesi çykýança, 40 gün möhlet bilen ony tussaglyga ýerleşdirmek barada höküm çykardy.
Wlast websaýtynyň, Muratowyň gyz doganyna salgylanyp, 17-nji fewralda habar bermegine görä, sud diňlenişigi ýapy gapylaryň aňyrsynda geçirilipdir we suduň resmi karary aklawça indi gowşurylmaly.
Muratow Özbegistanyň raýaty. Ol öz ýurdunda garagalpaklaryň goldawyna geçirilen protestlere gatnaşandygy üçin gözlenýär.