ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň müdiri "daşary ýurtly aktýorlaryň" noýabr aýynda geçiriljek saýlawlara gönükdirilen "täsir operasiýalaryny" amala aşyrýandyklaryny we meýilleşdirýändiklerini, şol bir wagtda-da, "ellerini has gowy gizlemek" üçin has çeýe, takyk taktikalary ulanýandyklaryny aýtdy.
"Daşary ýurtly aktýorlar, bu firmalaryň aragatnaşyk, tehniki taýdan kämillik we ygtyýarlyklary kynlaşdyrmak babtyndaky tejribelerini ulanmak üçin, marketing we jemgyýetçilik gatnaşyklary kompaniýalary ýaly täjirçilik firmalaryna ýüz tutýarlar" diýip, Milli aňtaw gullugynyň müdiriniň edarasynyň (ODNI) saýlaw howpsuzlygy boýunça iýulyň aýagynda täzelenip çap edilen hasabatynda aýdylýar.
Hasabatda bu hili kompaniýalaryň "köplenç has çalt we döwlet edaralaryna garanyňda has az býurokratiki päsgelçilik bilen, çeýe hereket etmäge ukyply bolýandygy" bellenilýär.
ABŞ-nyň aňtaw jemgyýeti Russiýanyň, Hytaýyň we Eýranyň, “öz bähbitlerine peýda görmek we ABŞ demokratiýasyny we Waşingtonyň dünýädäki ähmiýetini gowşatmak üçin”, ABŞ-nyň syýasatyna we syýasatlaryna täsir ýetirmek synanyşyklaryny dowam etdirmeklerine garaşýar.
"Moskwa Birleşen Ştatlarda jemgyýetçilik pikirini taraşlamak, şol sanda saýlaw bilen baglanyşykly operasiýalar üçin, düýbi Russiýada ýerleşýän we täsir üçin hakyna tutýan kärhanalaryny ulanýar” diýip, hasabatda bellenýär.
"Bu firmalar täsir platformalaryny döretdiler, Russiýanyň elini gizlemek bilen, gönüden-göni we bildirmän işe çekilen paýhasly amerikalylary, kämilleşdirilen gurallary amerikan auditoriýasyna niýetlenen mazmun düzmekde ulandylar."
ABŞ-nyň aňtaw gullugy Russiýany "ABŞ saýlawlary üçin esasy howp" hasaplaýar we Moskwanyň öz "elini has gowy gizlemek üçin köp tagalla edýändigine" ynanýar.
ODNI hasabatynda aýdylmagyna görä, Hytaý, "belki-de, prezident saýlawlaryna täsir etmegi meýilleşdirmeýär”, ýöne onuň “öz esasy bähbitlerine wehim hasaplaýan we saýlawlardan geçmedik kandidatlary kiçeltmäge çalyşmagy mümkin”.
Hasabatda aýdylmagyna görä, Eýran "ABŞ-nyň syýasy institutlaryna ynamsyzlygy güýçlendirmäge we sosial düşünişmezligi ýokarlandyrmaga" synanyşar. Şeýle-de, Tähran "Ysraýyl-Gaza konflikti sebäpli dörän dartgynlygy güýçlendirmekde görnetin işjeňlik görkezdi".
Eýranyň BMG-däki ilçisi Amir Seýid Irawani 30-njy iýulda Tähranyň ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlaryna täsir etmek niýetiniň bolmandygyny aýdyp, bu hasabaty ret etdi.
"Eýran ABŞ saýlawlaryna täsir ýetirmek niýetine münmedi we bu ugurda hiç bir iş etmeýär. Bu aýyplamalaryň köpüsi dartgynly saýlaw kampaniýasy täsirini döretmäge gönükdirilen psihologiki amallar bolup durýar" diýip, resmi IRNA habar gullugy Irawaniniň aýdan sözlerine salgylanyp ýazdy.
ABŞ-ly saýlawçylar 5-nji noýabrda täze saýlanjak prezident üçin ses bererler. Öňki prezident Donald Tramp bu saýlawa Respublikan partiýanyň dalaşgäri, häzirki wise-prezident Kamala Harris bolsa Demokratik partiýanyň dalaşgäri bolup gatnaşýar.
Mundan başga, Wekiller palatasyndaky 435 orun we Senatdaky 100 ornuň 34 ýeri üçin bäsleşik geçirilýär.