Anti-Putin şamanyň başga hassahana geçirilmegi ýene-de ret edildi

Rus kazyýeti 2019-njy ýylda prezident Wladimir Putini Kremlden kowup çykarmak üçin Moskwa barmaga synanyşyp, bütin ýurda belli bolan ýakut şamanynyň çäklendirmeleri häzirki saklanylýan ýeri ýaly güýçli bolmadyk ruhy hassahana geçirilmegi baradaky teklibi ýene-de bir gezek ret etdi.

Aleksandr Gabyşewiň aklawçysy Alekseý Prýanişnikowyň 12-nji fewralda beren maglumatyna görä, onuň müşderisiniň ýerleşdirilen ruhy hassahanasynyň eden teklibi 2021-nji ýylyň iýulyndan bäri dördünji gezek ret edildi.

Sowetler öz wagtynda mistikleri berk yzarladylar we basyp ýatyrdylar. Emma mistikler soňky ýyllarda ýene meşhurlyk gazanýar.