AP: ABŞ Kiýewe ýene 400 million dollarlyk goşmaça harby kömek iberer

HIMARS tapgyrlaýyn raketa atyş ulgamy

Birleşen Ştatlar Ukraina goşmaça ýene-de 400 million dollarlyk harby kömek iberer diýip, "Associated Press" ady aýdylmadyk ABŞ resmilerine salgylanyp habar berýär.

Agentligiň maglumatyna görä, täze bukja hususan-da aňtaw maglumatlaryny ýygnamak üçin ulanylýan “Hornets” nano-dronlaryny öz içine alar.

Şeýle-de, Ukraina HIMARS raketa atyjy enjamlary we NASAMS howa goragy ulgamlary, “Stinger” we “Javelin” üçin raketalar, “Hydra-70” howa-gury ýer raketalary, howitser oklary, 28 million kiçi ýarag we 32 sany “Stryker” sowutly ulag iberiler.

Bu ýaraglar prezidentiň ýaraglary azaltmak maksatnamasynyň çäginde iberiler we bu ýagdaý olaryň ätiýaçlyk ammarlaryndan çalt çykarylmagyna we birnäçe günüň içinde Ukraina eltilmegine mümkinçilik berer.

Bu shema Baýdene serişdeleri kongresiň razylygyny almazdan bölüp bermek mümkinçiligini berýär. Russiýa Ukraina garşy giň gerimli urşa başlalay bäri ABŞ Kiýewe 41 milliard dollarlykdan gowrak harby kömek berdi.