Apple, 10 ýyldan soňra, elektrik ulag taslamasyny ýatyrdy

Illýustrasiýa suraty

Apple kompaniýasy onlarça ýyl bäri üstünde iş alyp baran öz-özüni dolandyrýan elektrik ulagyň gurluşygyndan el çekdi. Mundan öň, bu taslama kompaniýanyň taryhyndaky iň köp wada beriji önümleriň biri boljakdygy çaklanylýardy.

Apple kompaniýasynyň dolandyryjylarynyň 27-nji fewralda içerki habarlaşyk arkaly ýollan maglumatynda, Titan Proýekti diýlip atlandyrylan ulag taslamasynyň ýatyrylýandygy, onuň üstünde iş alyp baran ýüzlerçe işçiniň bolsa emeli aň boýunça bölümlere geçirilýändigi bellenilýär. Bu barada ençeme habarda nygtalýar.

Apple kompaniýasyna öz-özüni dolandyrýan ulagy öndürmek boýunça çykdajylaryň milliardlarça dollara ýetip biljekdigi aýdylýar. Bu taslamanyň üstünde 2 müňden gowrak işçi zähmet çekýärdi.