Aşgabadyň prokurory wezipesinden boşadyldy

Şyhmämmedow Öwezmämmet 2022-nji ýylda Aşgabadyň prokurory wezipesine bellenilýär.

Türkmenistanyň prezidenti paýtagtyň prokuroryny wezipesinden boşatdy.

2-nji fewralda çap edilen resmi maglumata görä, prezident Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi Şyhmämmedow Öwezmämmedi “gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” boşadypdyr.

Emma, adatça bolşy ýaly, ýokary derejeli resminiň anyk goýberen kemçilikleri aýdyňlaşdyrylmady.

Mundan iki hepde ozal, Berdimuhamedow baş prokuror Serdar Mälikgulyýewi hem, aýdyňlaşdyrmazdan, “prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin” wezipesinden boşadypdy.

Bularyň ikisi-de wezipelerine 2022-nji ýylyň iýulynda bellenipdi.