Aşgabat, Astana gaz pudagynda bile işleşmek mümkinçiligine seredýär

Bezeg suraty

Türkmenistan we Gazagystan täze gaz ýataklarynda bilelikdäki kärhanalary döretmek mümkinçiligine seretdi diýip, Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuw türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen Astanada geçirilen duşuşykdan soň mälim etdi.

“Kazinform” agentliginiň ikinji gün, iki ýurduň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerden soň beren habaryna görä, gazak DIM-niň ýolbaşçysy ýurduň gaz öndürmek, gaýtadan işlemek we daşamak üçin ösen tehnologiýalary alyş-çalyş etmek barada Türkmenistana birnäçe teklip iberendigini aýtdy.

Şeýle-de, gazak resmisi iki goňşynyň Aktau hem-de Türkmenbaşy portlarynyň arasynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak ylalaşygyna gelendigini belledi.

Habarda aýdylmagyna görä, soňky üç ýylda bu ugurda ýük daşamagyň möçberi 50 göterim ýokarlandy.

TDH-nyň Gazagystanda geçirilen gepleşikler barada beren habarynda gazak tarapynyň eden teklipleri agzalmaýar.