Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilen mediaforumda aýdylmagyna görä, türkmen paýtagtynda şaýbaly hokkeý boýunça geçirilýän halkara ýaryşa Bahreýniň, Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň klub toparlary gatnaşar.
Ýaryşda Türkmenistana ýurduň sekiz gezek çempiony bolan “Galkan” topary wekilçilik eder.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde çap edilen gutlagynda tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň hokkeý toparlarymyz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler.
“Bu halkara ýaryşyň hem Diýarymyzda sportuň hokkeý görnüşiniň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.