14-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmen tarapynda daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi diýip, habada bellenýär.
Duşuşykda sebit we ählumumy howpsuzlyk meselelerine garaldy, söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.