Atom agentligiň başlygynyň Eýrana sapar etmegine garaşylýar

Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligiň başlygy Rafael Grossi (arhiw suraty)

Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligiň başlygy Rafael Grossiniň 5-8-nji maý aralygynda Eýranda geçjek ýadro konferensiýasyna gatnaşmagyna we ol ýerde eýranly resmiler bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu barada Eýranyň ýarym-resmi Mehr habar agentligi 30-njy aprelde mälim etdi.

“Grossi Tährända geçjek Ýadro ylymlary we tehnologiýalary boýunça halkara konferensiýa gatnaşmagynyň öň ýany, eýranly resmiler bilen duşuşar” diýip, habarda bellenilýär.

Fewralda Grossi agentligiň Yslam döwleti bilen gatnaşyklaryndaky dörän meseleleri çözmek üçin Eýrana sapar etmegi planlaşdyrýandygyny yglan edipdi.