Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň polisiýasy AÝ/AR-nyň Kazanda deslapky tussaghanada saklanylýan žurnalistiniň işi bilen baglylykda, tanymal garaşsyz žurnalist Iskander Sirajiniň öýünde we ofisinde barlag, gözleg-agratyş işlerini geçirdi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Alsu Kurmaşewa 18-nji oktýabrdan bäri Tatarystanyň paýtagty Kazanda, deslapky tussaghanada saklanylýar.
Sirajiniň instagramda paýlaşan wideo beýanatynda aýtmagyna görä, polisiýa oňa Kurmaşewanyň güman edilýän "jenaýaty" bilen ilteşikli bolmak ähtimallygy esasynda güman edilýändigini aýdypdyr.
Olar Kurmaşewa hamala “döwlet syry bolan käbir maglumatlary ýygnan ýaly, hamala Kurmaşewa bir professordan öz institutyndan [Ukrainadaky urşa] näçe adamyň mobilizlenendigini soran ýaly” gürrüň etdiler, olar bu ýerde uly jenaýat edilen ýaly gürrüň etdiler diýip, tatar žurnalisti aýtdy.
Ol bu diýilýän jenaýata özüniň nähilidir bir baglanyşygynyň bolmak ähtimallygy barada hem gürrüň edilendigini sözüne goşdy.
Siraji hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň 16-njy noýabrda, ýerli wagt bilen ir sagat sagat 5:30-da öýüne gelip, özüniň we aýalynyň telefonlaryny, şeýle-de çagalarynyň kompýuterlerini konfiskasiýa edendiklerini gürürň berdi.