11 aýda 340 müňden gowrak türkmen Özbegistana syýahat etdi

Türkmen-özbek serhedi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň 340 müňden gowrak raýaty Özbegistana syýahat etdi diýip, “Türkmenportal” Özbegistanyň Milli statistika komitetine salgylanyp habar berdi.

Bu döwürde goňşy ýurda 341,4 müň türkmenistanly syýahata baryp, Türkmenistan Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça altynjy ýeri eýeledi.

Gyrgyzystan (3 million syýahatçy), Gazagystan (2,5 million), Täjigistan (2,5 million), Russiýa (923,8 müň), Owganystan (494,4 müň) syýahatçy bilen, Özbegistana syýahatçysy gelen ýurtlaryň ilkinji bäşligine girýär.

Habarda bellenmegine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Özbegistana 10,7 million daşary ýurtly syýahata gelipdir. Bu ýurda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 47,4 göterim köp syýahatçynyň gelendigini aňladýar.

Soňky bir ýylda Özbegistana syýahat edýän türkmenistanlylaryň köpelmegi, Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, goňşy ýurtda iş gözleýän zähmet migrantlary üçin döredilýän şertler, gazanç etmek mümkinçiligi bilen bagly.