24-nji fewralda Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň ozalky habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň ejesi – Parça Ýazmuhammedowa ýurduň daşyna goýberilmedi. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 13-nji martda habar berdi.
Maglumata görä, 1959-njy ýylda doglan zenan Aşgabadyň aeroportyndan Germaniýanyň Frankfurt-na-Maýne şäherine uçmaly eken. Ol ýerde onuň körpe ogly ýaşaýar.
Migrasiýa gullugynyň işgärleri onuň adynyň ýurduň daşyna çykmagy gadagan edilenleriň sanawynda bardygyny aýdypdyr, emma bu gadagançylygyň sebäbini düşündirmändir. Ol ýaşaýan ýeri boýunça migrasiýa edarasyna ýüz tutmagy maslahat beripdir.
Röwşen Ýazmuhammedow Azatlyk bilen 2011-nji ýylda hyzmatdaşlyk edip başlady, we bir ýyldan soň ol ýurduň daşyna çykarylmaýanlaryň sanawyna goşuldy.
Ol 2019-nji ýylda Azatlyk bilen hyzmatdaşlygyny doly togtatdy.