Žurnalist, Azatlyk Radiosynyň öň hatardaky habarçysy Marian Kuşnir 28-nji ýanwara geçilýän gije Kiýew sebitiniň Bilogorodka obasynda Orsýetiň pilotsyz uçarynyň uran kwartirasynda turan ýangyndan 4 ýaşly gyzy halas etdi.
Ol çagany ýalyn gaplan jaýdan gujagyna alyp, howpsuz ýere çykardy. Gyzyň ejesi we onuň bilen ýaşaýan erkek adam wepat boldy. Halas edilen çaganyň kakasy we uly dogany gyzjagazy alyp gitdiler, ol häzir howpsuz ýerde diýip, Azatlygyň Ukraina gullugy habar berýär.
Dron uran jaý
"Men öýdedim, partlama sesini eşitdim. Dron biziň jaýymyzyň üçegine, ýokarky iki gatly kwartira zarba urdy. Men ýangynyň turanyny gördüm, redaksiýanyň beren taktiki sumkasyny aldym-da, partlamanyň bolan ýerini gözlemek üçin ýokary gata ylgadym. Dronyň uran ýerinde ýarym açyk duran gapa gözüm düşdi. Ony açan badyma diwanda ýorgana bürenip, aglap, gygyryp, ejesini çagyrýan çagany gördüm” diýip, žurnalist aýtdy.
"Men ýangynyň ýokardan ýaýraýandygyny gördüm. Çaganyň ene-atasynyň ikinji gatda ýatan bolmagynyň mümkindigini pikir etdim. Ylgap baryp, çagany diwandan garbap aldym we kwartiradan çykardym. Ony goňşularyň birine berip, ýene yzyma, içerik ylgadym. Belki, ol ýerde diri adamlar bardyr diýip pikir etdim. Ýöne ýangyn eýýäm güýçlenipdi we has ýaýrapdy. Soň belli bolşuna görä, dron gelip, bu iki adamyň - bir erkek bilen bir aýalyň ýatan ýerine urup, olary öldüripdir” diýip, Marian Kuşnir gürrüň berdi.
"Gyzjagaz, men ony daşaryk çykaranymda, has gaty aglamaga başlady, soňra güýçli titredi we meni berk gujaklady. Şonda bu maňa örän agyryly duýuldy, sebäbi 10 ýyllyk uruşda men hiç haçan bu hili zaryn aglaýan dört ýaşly çagany gujagymda saklap, onuň ejesiniň ölendigi baradaky duýgulary başdan geçirmändim" diýip, žurnalist sözüniň üstüni ýetirdi.
Rus goşunlary 28-nji ýanwara geçilýän gije Buça etrabynyň Bilohorod jemgyýetinde ýerleşýän köp gatly jaýa zarba urup, iki adamyň ölümine sebäp boldy diýip, Kiýew sebit harby administrasiýasynyň başlygy Nikolaý Kalaşnik habar berdi.
Onuň sözlerine görä, ölenleriň biri erkek, beýlekisi aýal maşgala. Ýene dört adam lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutdy.
Hüjüm netijesinde ýedinji gatdaky kwartirada we jaýyň üçeginde ýangyn turdy.
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, ýangyn öçürildi.
Zaporižiýede 12 ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetdi, olaryň käbirinde elektrik energiýasy ýok diýip, sebit harby administrasiýanyň başlygy Iwan Fedorow habar berdi.
Iki adam, şol sanda 88 ýaşly aýal ýaralandy.
Kiýew etrabyndaky prawoslaw monastyryna we hususy jaýa dron hüjümi edildi diýip, Odesa sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper habar berdi.