Azerbaýjan iki fransuz diplomatyny ýurtdan kowýar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, "diplomatik durumyna laýyk gelmeýän işler bilen meşgullandy" diýip, iki fransuz diplomatynyň ýurtdan çykarylmagyny buýurdy.

Ministrligiň 26-njy dekabrdaky beýanatynda, "Fransuz ilçihanasynyň iki işgäriniň hereketlerine berk protest" bildirmek üçin, Fransiýanyň Azerbaýjandaky ilçisiniň çagyrylandygy aýdylýar.

Gürrüňi edilýän iki diplomatyň 48 sagadyň içinde ýurtdan çykmalydygy aýdyldy.

Bu çärä anyk nähili hereketleriň sebäp bolandygy bada-bat aýdyň bolmady, Pariž oňa häzirlikçe hiç bir açyk reaksiýa bildirmedi.

Fransiýanyň soňky ýyllarda goňşy Ermenistana berýän goldawyny güýçlendirip, Bakuwy tankytlamagyny ýygjamlatmagy iki ýurduň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagyna getirdi.