Azerbaýjanda ýene bir oppozisiýa aktiwisti tussaglyga höküm edildi

Elbeýi Kerimli

Azerbaýjanyň kazyýeti oppozisiýadaky Azerbaýjan Halk fronty partiýasynyň ýene bir aktiwistine, başga pikirlileriň basylyp ýatyrylmagynyň güýçlenmegine bildirilýän Günbatar aladalarynyň arasynda, uzak möhletli türme tussaglygy hökümini çykardy.

Agyr jenaýatlara seredýän Baku kazyýeti 7-nji aprelde Elbeýi Kerimlini bikanun neşe serişdelerini saklamakda günäkär tapyp, alty ýyl azatlykdan mahrum etdi.

20 ýaşly aktiwist bu aýyplamany ret edýär we häkimiýetleriň özünden geçen tomusda günorta kawkaz ýurdunyň öňki prezidenti, ýurduň häzirki prezidenti Ylham Alyýewiň kakasy Heýdar Aliýewiň ýadygärligine "Stalin" diýip ýazandygy üçin ar alýandygyny aýdýar.