Azerbaýjanda ýene bir žurnalist tussag edildi

Şamo Eminow

Azerbaýjanda noýabrdan bäri sekizinji žurnalist tussag edildi. Raýat aktiwistleri munuň garaşsyz media garşy alnyp barylýan kampaniýanyň çäginde amal edilýändigini aýdýarlar.

“Kanal 13” garaşsyz onlaýn tele-kanaly bilen hyzmatdaşlyk eden žurnalist Şamo Eminow 22-nji dekabrda saklandy. Oňa gaçakçylyk aýyplamalary bildirilýär. Žurnalistiň goldawçylary muny ret edip, aýyplamanyň toslandygyny aýdýarlar.

28-nji dekabrda žurnalistiň aýaly Durdana Eminowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň äri mundan iki gün ozal, suduň karary esasynda, azyndan üç aý möhlet bilen deslapky tussaghana ýerleşdirilipdir.

Soňky hepdelerde Eminowyň hyzmatdaşlyk saklan “Kanal 13” neşiriniň başga-da žurnalistleri tussag edilipdi.