Azerbaýjanda ýene bir žurnalist walýuta gaçakçylygynda aýyplanýar

Hafiz Babali (arhiw suraty)

Azerbaýjanda derňewçi žurnalist Hafiz Babali daşary ýurt walýutasynyň bikanun gaçakçylygynda aýyplanyp, tussag edildi. Bu barada onuň aklawçysy Rasul Jafarow 14-nji dekabrda mälim edip, müşderisiniň özüne bildirilýän aýyplamalary inkär edýändigini aýtdy.

Aklawçynyň sözlerine görä, Babaliniň saklanmagy noýabryň aýagynda “Abzas Media” garaşsyz Internet neşiriniň dört žurnalistiniň tussag edilmegi bilen ilteşikli. Şol pursat, polisiýa neşiriň edarasynda 40 müň ýewro möçberinde nagt puluň tapylandygyny öňe sürüpdi.

Žurnalistler bu işiň olaryň döwlet resmileriniň parahorlyk ýagdaýlary boýunça çap eden maglumatlary üçin, özlerinden ar alynmak üçin toslanandygyny aýdýarlar.