Eýranda Bahaýy jemgyýetiniň wekilleri ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň Tährandaky Bahaýylaryň Golestan Jawid gonamçylygynda 30 hem aşa köp mazary weýran edendiklerini aýdýarlar. Olar muny häkimiýetleriň özge dinleriň merhumlaryny hem hakydadan çykarmak synanyşygy hökmünde häsiýetlendirýärler.
Bahaýy Halkara Jemgyýeti toparynyň maglumatyna görä, howpsuzlyk güýçleri mazarlary weýran edende, bu sebitde asla kimdir-biriniň jaýlanandygy baradaky yşaratlary hem düýbünden ýok etmegi maksat edinipdirler.
Düýbi Ženewada ýeleşýän Bütindünýä Bahaýy Jemgyýetiniň metbugat wekili Simin Fahandej Yslam respublikasynyň hereketleriniň diňe bir merhumlaryň maşgalalarynyň ýitgi ýarasyny gozgamak bilen çäklenmän, eýse dine uýýanlar babatynda “adamkärçiliksiz çemeleşişini” hem aýan edendigini belledi.
1979-njy ýylda Eýran Yslam Respublikasy esaslandyrylanda Bahaýi jemgyýetiniň ýüzlerçe wekili, özleriniň ynanjy sebäpli, tussag edildi we türmä basyldy. 200-den hem aşa adam ýa jezalandyrylyp öldürildi, ýa-da tussag edileninden soň dereksiz ýitdi.