6-njy martda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda polisiýa garaşsyz Toplum TV internet neşiriniň on töweregi žurnalistini saklap, mundan öň olaryň iş ýerinde gözleg geçirdiler. Bu barada žurnalistleriň ýakynlary habar berdiler. ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu maglumatlar dogrusynda “çuňňur aladalanýandygyny” aýtdy.
Polisiýanyň Üçünji Respublika Platformasy oppozision toparynyň birnäçe agzasyny, şeýle-de NIDA raýat hereketiniň iki agzasyny saklandygy barada hem maglumatlar gowuşýar.
Içeri işler ministrligi “operatiw çäreler” diýip atlandyran bu soňky ýagdaýlary, şeýle-de neşiriň edarasynda we beýleki saglylar boýunça gözlegleriň geçirilendigini hem tassyklady. Ministrlik munuň bilen bagly goşmaça maglumatlaryň soň aýan ediljekdigini aýtdy.
Toplum TV neşiriniň baş redaktory Hadija Ismaýilowa mundan öň Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň Bakuwdaky býurosynyň ýolbaşçysy hem bolupdy. Ol Azerbaýjandaky iň tanymal derňewçi žurnalistleriň biridir. Ismaýilowa bu reýdleriň sebäpleri boýunça resmi düşündirişiň berilmändigini aýtdy.
“Görnüşinden [häkimiýetler] ýurtdaky ähli garaşsyz mediany ýok edip, tankydy pikirler üçin platforma goýmajak bolýar” diýip, Ismaýilowa belledi. “Biz bikanun işlere baş goşmadyk. Şol sebäpden, bu bolýan zatlara resmi düşündiriş berilmeýär” diýip, ol sözüne goşdy we gözleg wagty edarada bolup, soňra-da yzyna dolanmadyk kärdeşleriniň nirededigini anyklamaga synanyşýandygyny aýtdy.