Balkanda harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi

Türkmen harbylary okuw meýdan türgenleşikleri mahaly

29-njy maýda Balkan welaýatynda bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi.

Resmi maglumata görä, harby deňizçiler ýurduň Ýaragly güýçleriniň beýleki goşunlary bilen bilelikde hereket edip, döwletiň deňiz serhetleriniň, tutuş ýurduň çäkleriniň howpsuzlygyny, bitewüligini üpjün etmekde döwrebap tehnikalara erk etmek ukyplaryny görkezipdirler.

Okuw türgenleşikleriniň çäklerinde dürli harby tehnikalaryň, şol sanda dronlaryň, ýaraglaryň beýleki görnüşleriniň hem sergisi guraldy.