Bişkekde geçen dynç günleri gazaply mähelläniň Günorta Aziýa döwletinden bolan studentleri nyşana almagynyň yzy bilen, Gyrgyzystany barha köp pakistanly talyp terk edýär.
21-nji maýda Bişkekden Pakistanyň Yslamabat, Lahore we Peşewar şäherlerine sekiz sany çarter uçar reýsi gurnalyp, olar bilen ýene-de ýüzlerçe student bu Merkezi Aziýa döwletiniň paýtagtyny terk etdi.
Mundan bir gün öň, gyrgyz resmileri 18-maýdaky gazaplylykdan soň, 1 müň 200 pakistanly studentiň ýurdy terk edendigini tassykladylar.
Dynç günlerindäki ýowuzlyklaryň sosial mediada “aziýa keşbli adamlaryň” bir toparynyň 13-nji maýda giçlik daşary ýurtly studentlere azar berişini görkezýän wideonyň peýda bolmagyndan soň dörändigi çaklanylýar. Wideoda umumy ýaşaýyş jaýynda azyndan bir daşary ýurtly studente ençeme adam tarapyndan hüjüm edilişini, soňy bilen-de onuň ýerde süýrelişini görmek bolýar.