Baýden Gaza ylalaşygynyň “esasy elementleri” stoluň üstünde diýýär

Arhiw suraty. Prezident Jo Baýden Iordaniýanyň patyşasy Abdulla ikinji bilen duşuşyk wagtynda.

Prezident Jo Baýden 12-nji fewralda, "Gazada ýitirilen her bir bigünä ömrüň betbagtçylykdygyny" aýdyp, aýlap dowam edýän urşy togtatmak we ondan soňky ýagdaýlary maslahatlaşmak üçin Ak tamda Iordaniýanyň patyşasy Abdulla ikinjini kabul etdi.

Abdylla bilen bolan duşuşyk Baýdeniň we onuň kömekçileriniň bu sebite ynsanperwer kömegini we üpjünçilik ýüklerini ibermek, zamun alnanlary boşatmak üçin, Ysraýylyň Hamasa garşy urşuna ýene bir ara bermek üçin araçylyk tagallalaryny edýän wagtyna gabat geldi.

Hamas ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçylyk guramasy diýlip kesgitlendi we bu uruş ol toparyň Ysraýyla eden hüjümi netijesinde başlandy.