ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň "Ukrainany kartadan öçürmekden" “başga çäre” agtarmaýandygyny aýtdy, ýöne ol rus prezidenti Wladimir Putiniň bu uruşda üstün çykyp bilmejekdigini nygtady, Waşingtonyň we ýaranlarynyň Ukraina goşmaça ýaraglary, şol sanda goşmaça howa goragy ulgamlaryny berjekdigini aýtdy.
"Ukraina, hususan-da biziň doly kollektiw goldawymyz bilen, Putini togtadyp biler we togtadar. Olar biziň doly goldawymyza eýe bolup durýar" diýip, Baýden NATO sammitiniň ilkinji gününde, Günbataryň Ukraina goşmaça “Patriot” raketa ulgamlaryny we interseptorlary, ýolda tutup alyjylary iberjekdigini yglan edende aýtdy.
"Uruş Ukrainanyň erkin we garaşsyz ýurt bolmagy bilen tamamlanar. Russiýa üstün çykyp bilmez" diýip, Baýden aýtdy.
ABŞ we hyzmatdaşlar ýakyn aýlarda Ukrainany onlarça goşmaça taktiki howa goranyş ulgamy bilen üpjün etmekçi bolýar diýip, Baýden aýtdy.
Şeýle-de, Ukraina indiki ýylda ýüzlerçe interceptor, saklaýjy alar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ak tamyň şol bir wagtda çap eden beýanatynda Birleşen Ştatlar, Germaniýa we Rumyniýa “Patriot” batareýalaryny peşgeş berse, Gollandiýa we beýleki hyzmatdaşlar goşmaça “Patriot” batareýalarynyň işlemegine mümkinçilik döretmek üçin “Patriot” komponentlerini berer diýilýaär.
Italiýa bolsa, goşmaça SAMP-T ulgamyny peşgeş berer diýip, beýanatda bellendi.
Döwlet departamenti NATO sammitiniň dowamynda mundan beýläk beriljek howpsuzlyk kömegi baradaky maglumatlaryň hem yglan ediljekdigini aýtdy.