Baýden: Netanýahu Gazada asuda ilatyň ölüminiň öňüni alman “Ysraýyla zyýan ýetirýär”

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň Gazadaky urşy bilen, “Ysraýyla kömek etmekden, has köp oňa zyýan ýetirýändigini” aýtdy. Ol bu barada 9-njy martda çykyş etdi.

Baýden ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristiki topar hökmünde ykrar edilen Hamas topary jeňçileriniň 7-nji oktýabrdaky hüjüminden soň, Ysraýylyň özüni goramak haky boýunça goldawyny äşgär etdi. Emma Baýden Netanýahunyň “alyp barýan hereketleri netijesinde bigünä janlaryň ýok bolmagyna has köp üns bermelidigini” aýtdy.

Baýden MSNBC tele-kanalyna beren interwýusynda, Ysraýylyň Gazanyň Rafah şäherine hüjüm etmek ähtimallyklarynyň özi üçin “gyzyl çyzyk” boljakdygyny aýtdy, soňundan “Men Ysraýylly hiç haçan terk etmerin” diýip, sözüne goşdy.