Baýden Netanýahua ABŞ goldawynyň raýatlaryň goralyşyna baglydygyny aýdýar

Baýden we Netanýahu Ysraýylyň howa zarbalary Gazada azyk kömegi guramasynyň ýedi işgärini öldüreninden birnäçe gün soň telefonda gürleşdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 4-nji aprelde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahua ABŞ-nyň Gazadaky urşa geljekde berjek goldawynyň parahat ilaty we kömek işgärlerini goramakda görüljek täze çärelere baglydygyny aýtdy.

Baýden we Netanýahu Ysraýylyň howa zarbalary Gazada azyk kömegi guramasynyň ýedi işgärini öldüreninden birnäçe gün soň telefonda gürleşdi we bu söhbetdeşlik iki lideriň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da çylşyrymlaşmagyna sebäp boldy.

Baýden "Ysraýylyň parahat ilata ýetýän zyýanyň, ynsanperwerlik jebir-sütemleriniň öňüni almak we kömek işgärleriniň howpsuzlygy üçin birnäçe ýöriteleşdirilen, anyk we kesgitlenip biljek çäreleri yglan etmeginiň we durmuşa geçirmeginiň zerurdygyny açyk aýtdy” diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.

Ysraýyl howa zarbalarynda ýedi kömek işgärini öldüreninden soň, 4-nji aprelde Gaza zolagyndaky uruş taktikasyny düzetjekdigini aýtdy. Ysraýyl goşuny “World Central Kitchen” guramasynyň işgärleriniň öldürilmeginiň uly ýalňyşlyk bolandygyny aýtdy.