Baýden Netanýahuyň Gazadaky urşa çemeleşmesiniň "ýalňyşdygyny" aýdýar

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň Gazadaky urşa bolan çemeleşmesi "ýalňyş" diýip, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 9-njy aprelde çap edilen interwýusynda aýdylýar we Ysraýylyň bu konflikte garşy gören çäreleri tankyt edilýär.

"Meniň pikirimçe, onuň edýän işi ýalňyş. Men onuň çemeleşmesi bilen ylalaşmaýaryn" diýip, Baýden ABŞ-nyň ispan dilli teleýaýlymy, "Univision" neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Baýden mundan öňem Ysraýylyň Gazadaky bombalamalaryny “seljerilmedik” diýip atlandyrypdy we ol ýerde görlen harby çärelerini "öte geçme" bolandygyny öňe sürüpdi.