Baýden, Tramp kast ediş synanyşygyndan soň milli agzybirlige çagyrýar

Donald Trampyň goldawçylary

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we onuň respublikan bäsdeşi, öňki prezident Donald Tramp 14-nji iýul güni giçlik, Pensilwaniýadaky saýlaw kampaniýasy ýygnanyşygynda bolan kast ediş synanyşygynyň yz ýanyndan, ýurda agzybir bolmak çagyryşy bilen ýüzlendi.

Trampa edilen hüjüm wagtynda onuň bir goldawçysy wepat boldy. Baýden noýbarda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda bolan we dalaşgärleriň kampaniýasyna üýtgeşiklik girizjek hadysadan soň howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy bilen baglylykda garaşsyz derňew geçirilmegini buýurdy.

Baýden Tramp bilen “gysga, ýöne gowy” gürrüň edendigini aýtdy, FBI tarapyndan 20 ýaşly Tomas Mätýu Kruks diýlip kesgitlenen ýaragly adamyň golaýdaky üçekden Trampa we märekä tarap atan oky onuň sag gulagyndan degdi. Hüjümçi 13-nji iýulda, gizlin gullugyň işgärleri tarapyndan atylyp öldürildi.

Degişli maglumat Türkmenistan Trampyň janynyň howpa salynmagyny “uly howatyrlanma” bilen kabul edýär - DIM

FBI, Fedarl derňew býurosy respublikanlaryň Wiskonsin ştatynyň Milwauki şäherinde geçiriljek konwensiýasyndan iki gün öň bolan hüjümiň sebäbini şindi hem anyklamaga çalyşýandygyny aýtdy. Oppozisiýadaky partiýanyň 18-nji iýulda Trampy resmi taýdan dalaşgärlige hödürlemegine garaşylýar we 78 ýaşly Tramp 15-nji iýulda gurultaýyň başlanjak ýerine, Milwauki şäherine geldi.

Tramp "Washington Examiner" gazetine gurultaýda "iki gün ozalky pikir edişinden düýpgöter başga, uly tapawutly" çykyş etjekdigini aýtdy we "Bu tutuş ýurdy, hatda bütin dünýäni bir ýere getirmek üçin bir pursat" diýdi.

Baýden 14-nji iýul güni giçlik Ak tamdan halka telewideniýe arkaly eden ýüzlenmesinde kast ediş synanyşygyny berk ýazgardy we AR-15 görnüşli tüpeňli bir adamyň, ABŞ-nyň gizlin gullugynyň goragyna garamazdan, Trampy atmak üçin nädip beýle ýakyn gelip bilendigini gözden geçirmegi buýrandygyny aýtdy.

"Amerikada bu hili zorluga, aslynda hiç bir zorluga orun ýok. Nokat. Kadadan çykmalar bolmaz. Biz bu zorlugyň kada öwrülmegine ýol berip bilmeris" diýip, Baýden aýtdy. "Bu ýurtdaky syýasy ritorika gaty gyzyşdy. Ony sowatmagyň wagty geldi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Häzirki pursatda biziň hemme wagtdakydan beter agzybir bolmagymyz we özümiziň amerikalylar hökmündäki hakyky häsiýetimizi görkezmegimiz, güýçli we aýgytly bolup galmagymyz has möhüm" diýip, Tramp "Truth Social" platformasynda aýtdy.

FBI özleriniň häzir 15-nji iýulda başlanjak respublikan konwensiýa abanýan ol ýa-da beýleki howplardan habarlarynyň ýokdugyny aýtdy, Gizlin gulluk özleriniň Milwauki şäherindäki howpsuzlyk meýilnamasyna haýsydyr bir üýtgeşme girizilmegine garaşmaýandyklaryny aýtdy.

ABŞ häkimiýetleri kast ediş synanyşygynyň arkasyndaky sebäpleri mümkin boldugyça tiz anyklamaga çalyşýarlar.

Güman edilýän atyjy Kruks, aýdylmagyna görä, Butleriň günortasynda, bir sagat çemesi wagt aljak uzaklykda ýerleşýän şäherden gelipdir. ABŞ-nyň birnäçe habar beriş serişdesiniň maglumatyna görä, döwlet ses berişlikleriniň ýazgylary Kruksyň respublikan hökmünde hasaba alnandygyny, emma Demokratik partiýanyň kampaniýalaryna az mukdarda goşant goşandygyny görkezýär.

Degişli maglumat Dünýä liderleri ABŞ-nyň ozalky prezidenti Trampa ýaragdan ot açylmagyny ýazgardylar

FBI hüjümde ulanylan ýaragyň azyndan alty aý öň, Kruksyň kakasy tarapyndan satyn alnana meňzeýändigini aýtdy.

Gizlin gullugyň metbugat wekili Entoni Guglielmi bu wakadan gysga wagt soň X-da çap edilen beýanatynda atyjynyň "ýygnanyşyk meýdançasynyň daşyndaky belent ýerden sahna birnäçe ok atandygyny" aýtdy. Şeýle-de, ol atyjynyň "zyýansyzlandyrylandygyny" aýtdy.

Pensilwaniýa ştatynyň gubernatory Joş Şapiro ýygnanyşyga gatnaşyp, bu hadysada ölen erkegiň sebitiň öňki ýangyn başlygy, 50 ýaşly Koreý Comperatore bolandygyny aýtdy. Bu hadysada ýaralanan beýleki iki adamyň ýagdaýynyň agyrdygy, emma "durnuklydygy" aýdylýar.

Syýasy analitikler kast etmek synanyşygynyň bäsleşige ýetirmegi mümkin täsirleri barada dürli çaklamalary öňe sürüp, Trampa bolan duýgudaşlygyň we zorluga bolan garşylygyň güýçlenmeginiň ähtimaldygyny ýaňzytdylar, ýöne edil häzir bu barada belli bir zat aýdardan gaty ir boljakdygyny aýtdylar.