Baýrak alan žurnalist Wiktoriýa Roşçyna Russiýanyň okupirlän sebitlerinde ýitirim boldy

Wiktoriýa Roşçyna (arhiw suraty)

Baýraga mynasyp bolan ukrainaly frilans žurnalist, şeýle-de Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy üçin maglumatlary taýýarlan Wiktoriýa Roşçyna mundan iki aý ozal Russiýanyň Ukrainadaky okupirlän territoriýalaryna iş sapary bilen gideninden soň, ýitirim boldy.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Halkara Aýallar Media Fondunyň (IWMF) maglumatyna görä, Roşçynanyň maşgala agzalary we dostlary 3-nji awgustdan, haçanda ol Russiýanyň okupirlän regionlaryna gideninden bäri, onuň bilen habarlaşyp bilmeýärler.

Rosçyna geçen ýyl uruş zonasyndan habar berýän mahaly, rus güýçleri tarapyndan iki gezek saklanypdy. Ol 2022-nji ýylyň gyşynda Halkara Aýallar Media Fondunyň Žurnalizmdäki Batyrgaýlyk baýragyna hem mynasyp boldy.