"Belki meni türmä basarlar, belki-de sessiz ýitirim ederler" - türkmen aktiwisti

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanly Eziz Mämmedow Berdimuhamedowlaryň režimi bilen işjeň göreşýär – ol mitinglere gatnaşýar, sosial torlarda ýazgylary galdyrýar, ýurduň häkimiýetlerine garşy tankydy wideolary ýazgy edýär. 2019-njy ýyldan bäri ol Türkiýede ýaşaýar. Eziziň pikiriçe, syýasy aktiwistleriň tagallalary türkmen jemgyýetinde ýeterlik özgerişleri getirip bilmeýär. Eziz entek Türkmenistana dolanmagy planlaşdyrmaýar. Watanynda ony režimi tankytlany üçin jogapkärçilige çekmek howpy bar. Wideo: Migrant Media”