Belli rus şahyry we ýazyjysy Lew Rubenşteýn Moskwada 76 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada merhumyň maşgalasy 14-nji ýanwarda habar berdi.
Rubenşteýn 8-nji ýanwarda ony ulag urandan bäri, kellesine düşen şikesler sebäpli keselhanada saklanýardy.
Rubenşteýn 1970-nji ýyllardan bäri Russiýanyň iň gowy tanalýan şahyrlarynyň biri bolupdy. Ol Moskwanyň Konseptuallyk mekdebini esaslandyrypdy.
Rubenşteýn jemgyýetçilik aktiwizmi bilen hem tanalyp, ol “Pussy Riot” toparyna goldawyny bildiripdi we Russiýanyň 2022-nji ýyldaky Ukraina garşy başladan doly gerimli çozuşyna garşy çykyş edipdi.