Berdimuhamedow GDA sammitine gatnaşmak üçin Russiýa sapar edýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bazar güni Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherine iş saparyna bardy.

Türkmen metbugaty onuň Sankt-Peterburg şäherindäki “Pulkowo” howa menziline Russiýa Ferderasiýasynyň resmi wekilleri tarapyndan garşy alnandygyny habar berýär.

GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitleri 2018-nji ýyldan bäri Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýär.