Berdimuhamedow Merkezi Aziýa-ABŞ sammitine gatnaşar

Serdar Berdimuhamedow

Prezident Serdar Berdimuhamedow Waşington şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet baştutanlarynyň şu ýylyň 6-njy noýabrynda geçiriljek sammitine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 28-nji oktýabrda habar berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp golaýda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerini Waşingtonda geçiriljek Merkezi Aziýa-ABŞ sammitine (C5+1 formatynda) çagyrdy.

Bu şeýle formatda geçirilýän ikinji sammit bolar. Birinji sammit 2023-nji ýylda Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde, Jo Baýdeniň prezidentlik döwründe geçirildi.

Degişli maglumat Tramp Merkezi Aziýa liderlerini Waşingtona, C5+1 sammitine çagyrdy