Berlen möhletiň gutarmagyna bir sagatdan hem az galanda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Eýranyň derhal Hormuz bogazyny açmak şerti bilen, Eýrana garşy hüjümleri togtatmaga taýýardygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ABŞ öz harby maksatlaryna "ýetdi we aňryk hem geçdi".
"Biz Eýrandan 10 maddadan ybarat teklip aldyk we ony gepleşikler üçin kabul ederlik esas hasaplaýarys. Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasynda öňki dawaly meseleleriň tas ählisi ylalaşyldy, ýöne iki hepdelik möhlet ylalaşygyň gutarnykly tassyklanmagyna mümkinçilik berer" diýip, ol ýazdy.
Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşi Eýranyň "uly ýeňiş gazanandygyny we Birleşen Ştatlary öz 10 maddadan ybarat meýilnamasyny kabul etmäge mejbur edendigini" yglan etdi.
"Fars" habar agentligi tarapyndan çap edilen meýilnamada Eýranyň Hormuz bogazynyň gözegçiligini saklamagy, ABŞ goşunlarynyň sebitdäki bazalarynyň ählisinden çykarylmagy, "garşylyk okuna" garşy harby hereketleriň bes edilmegi, Eýrana ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy, ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagy, Eýranyň daşary ýurtlardaky aktiwleriniň doňunyň açylmagy we bu düzgünleri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasynda tassyklanmagy nazarda tutulýar.