"Birneme ýeňilleşdi". Yslam Karimowsyz geçen 10 ýyla Özbegistanda nähili baha berýärler?

Yslam Karimow

2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda postsowet giňişligindäki iň berk diktatorlaryň biri diýlip häsiýetlendirilen Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Karimow aradan çykdy. Ol ýurdy 27 ýyllap, ömrüniň ahyryna çenli dolandyrdy. Aradan çykmagynyň ýyl dönüminde Azatlyk Aziýanyň söhbetdeşleri Karimowyň döwrüni ýatlap, onuň mirasdüşeriniň prezidentligi döwründe ýurtda nähili özgerişleriň bolandygy barada gürrüň berýärler.

«Başga bir ýurdy gördüm»

«Karimowyň ölüminden on ýyl soň Özbegistana bardym we başga bir ýurdy gördüm” diýip, häzirki wagtda ABŞ-da ýaşaýan barlagçy Bahodir Faýz dogduk ýurduna eden sapary barada Azatlyk Aziýa gürrüň berýär. “Kämil däl, kynçylyklardan hem azat däl. Diňe başga bir ýurt. Has açyk. Has hereketli. Dünýäniň galan bölegine has ýakyn».

Faýz Özbegistandan ýaş wagty çykyp gidipdi. 1992-nji ýylda Türkiýä okamaga baranda, geljekki publisist we sosiolog dogduk topragyna 30 ýyldan gowrak wagtlap aýak basyp bilmejekdigini çaklamaýardy. Faýzyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý onuň öz islegi bilen bolmandy.

1994-nji ýylda Ankara bilen syýasy düşünişmezlikleriň fonunda resmi Daşkent Türkiýede okaýan özbek talyplaryndan ýurda dolanmagy talap etdi. Özbegistanyň häkimiýetleri ýaşlaryň şol ýurtda ýaşaýan özbek oppozisiýasynyň liderleri - «Erk» partiýasynyň esaslandyryjysy we Yslam Karimowyň esasy garşydaşy Muhammad Salih hem-de «Birlik» partiýasynyň esaslandyryjysy Abdurahim Pulatowyň täsirine düşmeginden howatyr edýärdi.

Talyp alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde Bursa şäherinde sosiologiýa boýunça bilim alýan Faýz okuwyny ýarym goýmak islemedi we öýüne dolanmakdan ýüz öwürdi.

1999-njy ýylda okuwyny tamamlap, Özbegistana dolanmak baradaky talaba boýun egmändigi üçin agyr jeza sezewar bolmakdan gorkup, Faýz ABŞ-a göçdi. Dogduk ýurdundan müňlerçe kilometr uzakda ýaşasa-da, ol Özbegistandaky ýagdaýy öwrenmegini dowam etdirdi.

«Karimowyň häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda döwletiň berk syýasaty durnuksyzlykdan gorky bilen belli bir derejede düşündirilip bilnerdi. Emma wagtyň geçmegi bilen durnuklylygy üpjün etmek üçin gurlan şol diwarlaryň özi ýurduň ösüşine päsgel berip başlady” diýip, Bahodir Faýz aýdýar. “Netijede, durnuklylygyň ornuny durgunlyk eýeledi. Şahyrana aýtsak, “mazar ümsümligi” aralaşdy. Halk dymýardy, metbugat dymýardy, syýasat ýokdy. Senzura, syýasy yzarlamalar, mejbury zähmet, Andijan wakalary we oppozisiýanyň ýok edilmegi. Karimow döwrüniň ahyryna çenli Özbegistan hatda iň ýakyn goňşularyndan hem üzňeleşen döwlete öwrüldi».

Bahodir Faýz

Ýöne Faýzyň aýtmagyna görä, Karimow döwrüniň esasy meseleleriniň biri ykdysadyýetiň ýapyk bolmagydy. Ýurtda walýuta çalşygynyň gara bazary gülläp ösýärdi, Özbegistana maýa goýumlary gelmeýärdi, bank ulgamy ösmeýärdi.

«Walýutany erkin çalşyp bolmaýardy. Import we eksport bilen bagly kynçylyklar bardy. Döwlet durmuşyň ähli ugurlaryna diýen ýaly doly aralaşýardy. Monopoliýa, býurokratiýa, korrupsiýa. Belki, belli bir döwrüň dowamynda bu model ykdysady çökgünligiň öňüni alandyr. Emma soňra ol ýurduň ösüş mümkinçiliklerini bökdemäge başlady. Munuň iň agyr netijeleriniň biri hem Özbegistanyň millionlarça raýatynyň iş gözläp Russiýa we beýleki ýurtlara gitmegi boldy» diýip, Bahodir Faýz aýdýar.

Karimowsyz geçen 10 ýylyň dowamynda ýurtdaky ýagdaý üýtgedi. 2026-njy ýylyň maýynda Faýz syýahatçy hökmünde Özbegistana gitmek kararyna geldi. Ol ilki bilen aeroportda saklanyp, uzak wagtlap sorag edilmeginden, ýurda goýberilmän yzyna ugradylmagyndan gorkandygyny aýdýar. Emma beýle bolmady we Faýz dogduk ýurdunda tutuş bir aý boldy.

«Adamlaryň gepleýşinde öňki ýyllara mahsus bolan şol gorkynyň ýokdugyny duýdum” diýip, Bahodir Faýz aýdýar. “Adamlar gürläp başladylar. Olar hökümeti-de, häkimi-de, bahalary-da, korrupsiýany-da tankyt edýärler. Hatda Özbegistan baradaky oňyn täsirlerimi okap, maňa käýinenler hem boldy. Ýöne bu-da meni begendirdi. Sebäbi adamlar öz pikirlerini aç-açan aýdyp başladylar. Ýigrimi ýyl mundan öň režim barada ýazylan posta teswir galdyrmak batyrgaýlygy talap edýän hereketdi. Häzirki wagtda bolsa adamlar meni arkaýyn tankyt edýärler. Bu-da özgerişleriň bir bölegi».

Daşky keşp we onuň aňyrsyndaky hakykat

1989-njy ýyldan bäri ýurdy dolandyryp, Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek arkaly häkimiýet möhletini birnäçe gezek uzaldan Yslam Karimowyň ölendigi barada Daşkent 2-nji sentýabrda habar berdi. Onuň aradan çykandygy baradaky gürrüňler mundan birnäçe gün öň ýaýrap başlapdy. Resmi maglumatda ölüminiň sebäbi insult diýlip görkezildi.

Karimowy jaýlamak boýunça döwlet toparyna Özbegistanyň premýer-ministri Şawkat Mirziýoýew ýolbaşçylyk etdi. Soňra ol ýurduň indiki prezidenti boldy. Mirziýoýew ykdysadyýeti liberallaşdyrmagy öz içine alýan özgertmeleri geçirdi we goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýup başlady.

Mirziýoýew döwründe onlarça belli syýasy tussag, oppozisiýa wekili we hukuk goraýjy türmelerden boşadyldy, dini sebäpler bilen iş kesilen adamlar hem azatlyga çykdy. «Memorial» hukuk goraýjy merkeziniň maglumatyna görä, Karimowyň döwründe Özbegistandaky syýasy tussaglaryň sany öňki Sowet respublikalarynyň galan ählisindäki syýasy tussaglaryň umumy sanyndan hem köp bolupdy.

«Ýakynda hut şu barada - Karimowyň režimi barada pikir edipdim” diýip, Daşkentiň belli hukuk goraýjysy Ýelena Urlaýewa Azatlyk Aziýa gürrüň berýär. “2015-nji ýylda Ukrainadan Özbegistana ýegenim Anna mamasynyň, ýagny şol wagt 80 ýaşyny dolduran ejemiň ýubileýine gelende, hemmämizi tussag etdiler. Anna bizde bir günden köp ýaşandygy üçin tussag edildi, şol wagt biz ony entek hasaba aldyrmaga ýetişmändik. Ejemi-de, ýaşy şeýle uly bolsa-da, oňa öz öýünde ýaşamaga rugsat berdi diýip, jogapkärçilige çekdiler. Häzir pikir edýärin: “Eý, Hudaý, biz nähili ýurtda ýaşapdyrys?!” Karimowyň döwründe örän berk režim bardy. Biz onuň baryny öz başymyzdan geçirdik. Onuň döwründe diňe kynçylyk, zarba we yzarlama gördük».

Karimowyň prezidentligi döwründe Ýelena Urlaýewa birnäçe gezek ýapyk psihiatrik hassahana mejbury ýerleşdirilipdi. Ilkinji gezek ol 2001-nji ýylyň aprelinde ýol gurluşygy sebäpli öýlerinden mahrum bolan raýatlaryň protestine ýolbaşçylyk edeninden soň şol ýere düşdi. Soňky gezek bolsa, Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşmagyna päsgel bermek üçin 2017-nji ýylda hassahana ýerleşdirildi. Şondan bäri, onuň aýtmagyna görä, ony bir gezek hem mejbury bejergä ibermändirler.

«Karimowyň döwründe biz köp jebir çekdik. Örän köp musulmany, ähli syýasy adamlary, hukuk goraýjylary, žurnalistleri tussag edýärdiler. Şol wagt bize şeýle hüjüm edýärdiler: urýardylar, elimizi-aýagymyzy towlaýardylar. Her hepde diýen ýaly haýsydyr bir etrap içeri işler bölüminde tussag edilýärdik. Bu adaty bir zada öwrülipdi” diýip, Urlaýewa ýatlaýar. “Bir gezek üç hukuk goraýjy poçtada duşuşdyk, şol ýerde-de bizi tutdular. Hatda duşuşmak hem bolmaýardy. Häzir birneme ýeňilleşdi. Mysal üçin, 8-nji awgustda Ýokary kazyýetiň kazylary bilen arkaýyn duşuşyp bildik. Olar maslahat berýärler, kazylaryň kabul edişligine baryp bolýar. Bu-da örän gowy».

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow tans edýär, premýer-ministr Şawkat Mirziýoýew bolsa (sagda) onuň ýanynda el çarpýar. Daşkentde Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabaradan, 2007-nji ýylyň 31-nji awgusty.

Ýöne ýagdaýyň ähli tarapdan gowy däldigini Fransiýada ýerleşýän «Merkezi Aziýada adam hukuklary» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Nadežda Ataýewa aýdýar. Ol halkara synçylarynyň Özbegistanda hukuk goraýjylaryň aç-açan yzarlanýan ýagdaýlarynyň azalandygyna degişli bahasy bilen ylalaşýar. Emma Ataýewa munuň sebäbini häkimiýetiň has çydamly bolmagy bilen däl-de, garaşsyz hukuk goraýjy gurşawyň iş ýüzünde ýok edilmegi bilen baglanyşdyrýar.

«Geň ýagdaý şundan ybarat: diktator Yslam Karimowyň döwründe Özbegistanda häzirki wagtdakydan has köp garaşsyz hukuk goraýjy bardy” diýip, Ataýewa belleýär. “Ölüm howpuna garamazdan, olar gynamalary resmileşdirýärdiler, kazyýet işlerine gözegçilik edýärdiler we hukuk bozulmalary barada dünýä habar berýärdiler. Halkara izolýasiýasy häkimiýeti abraý bilen bagly netijeleri hasaba almaga mejbur edýärdi. Russiýanyň we Hytaýyň Daşkende täsiri hem häzirki wagtdakydan ep-esli azdy. Häzirki wagtda bu jemgyýet diýen ýaly täzelenmeýär: täze garaşsyz guramalar hasaba alynmaýar, täze aktiwistler diýen ýaly peýda bolmaýar, galan hukuk goraýjylaryň sany bolsa jemgyýetçilik pikirine düýpli täsir etmek üçin juda az».

Garaşsyz hukuk goraýjylar diýen ýaly galmansoň, häkimiýetleriň öňki derejesindäki repressiýalara ýüz urmagyna-da zerurlyk galmady diýip, hukuk goraýjy sözüni dowam etdirýär.

«Bu özgertmeleriň çägini aýdyň görkezýär: häkimiýet raýat jemgyýetiniň bardygyny görkezmäge taýýar, ýöne onuň garaşsyzlygyna çydamaga taýýar däl” diýip, Ataýewa aýdýar. “Hukuk goraýjy iş bilen meşgullanmak mümkinçiligi iş ýüzünde saýlama esasda berilýär we aktiwistiň häkimiýete näderejede wepaly hem-de dolandyryp bolýan adamdygyna bagly. Mirziýoýew awtoritar ulgamy sökmedi, ol ony döwrebaplaşdyrdy, has çeýe, tehnologik we daşyndan has özüne çekiji etdi. Karimowyň döwründe häkimiýet dymmagy talap edýärdi. Mirziýoýewiň döwründe bolsa aç-açan wepalylygy talap edýär. Bu demokratiýalaşma däl, garaşsyz raýat jemgyýetiniň ösmegine mümkinçilik bermeýän we häkimiýete ynamyň döremegine ýol açmaýan täzelenen awtoritarizmdir».

Şeýle şertlerde ýurtda demokratik özgertmeler we hukuklaryň berjaý edilmegi barada gürrüň etmek kyn. Mirziýoýewiň döwründe söz azatlygynyň ýagdaýy ilkibaşdaky liberallaşmadan blogerlere we garaşsyz žurnalistlere edilýän basyşyň hem-de yzarlamalaryň güýçlenmegine çenli baryp ýetdi.

Özbegistan «Serhetsiz reportýorlar» guramasynyň Metbugat azatlygy indeksinde 147-nji orny eýeleýär. Gurama ýurtdaky söz azatlygynyň ýagdaýyny dünýäde iň çynlakaý meseleleriň biri hökmünde häsiýetlendirýär.

«Özbek häkimiýetleri açyklyk we özgertmeler keşbini döretmegini dowam etdirýärler, emma bu daşky keşbiň aňyrsynda media gurşawynda düýpli gowulaşma görünmeýär. Garaşsyz žurnalistika örän gowşak ýagdaýda galýar, tankydy materiallar üçin giňişlik bolsa barha daralýar» diýip, «Serhetsiz reportýorlaryň» Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça býurosynyň ýolbaşçysy Žanna Kawelýe aýdýar.

“Human Rights Watch” halkara guramasy özbek häkimiýetleriniň «garaşsyz hukuk goraýjy işi we pikir beýan etmek azatlygyny çäklendirýändigini we basyp ýatyrýandygyny», şeýle hem «internetde prezidenti kemsitmek» ýaly zorluk bilen bagly bolmadyk hereketler üçin adamlary türmä basýandygyny aýdýar. 2025-nji ýylyň fewralynda Dauran Allambergenowa kazyýetiň karary bilen mejbury ýagdaýda psihiatrik hassahana ýerleşdirildi. Telegramdaky ýazgylary sebäpli onuň garşysyna «separatizm» we «internetde prezidenti kemsitmek» aýyplamalary boýunça derňew alnyp baryldy. Daşkentli bloger Şohida Salomowa bolsa üç ýyldan gowrak wagt bäri mejbury psihiatrik bejergide saklanýar. Ol Özbegistanyň häkimiýetlerini we prezident Şawkat Mirziýoýewiň giýewisi, sport ýolbaşçysy Otabek Umarowy tankyt edýän ýazgylaryndan soň ýapyk edara ýerleşdirilipdi.

Ösýän ykdysadyýet we syýasy bäsdeşligiň ýoklugy

Ykdysadyýetiň ösýändigine (2025-nji ýylda jemi içerki önümiň 147 milliard dollara ýetip, bir ýylda 7,7 göterim ýokarlanandygyna) we ýurda maýa goýumlarynyň gelýändigine garamazdan, millionlarça özbegistanly henizem gazanç etmek üçin daşary ýurtlara, esasan hem Russiýa gidýär. Ol ýerde bolsa harby gulluga çekmek bilen meşgullanýanlaryň nyşanasyna öwrülýärler. Ukrainanyň döwlet «Hoçu žit» («Ýaşasym gelýär») taslamasynyň maglumatyna görä, Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşanlaryň sany boýunça Özbegistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda birinji ýerde durýar, we olaryň sany bäş müňe golaý. Şeýle hem Ukrainada ýesir düşenleriň sany boýunça-da birinji ýerde durýar.

Ýurtda ykdysady abadançylygyň bardygyny aýtmak entek ir diýip, ykdysadyýetçi, professor we oppozisiýa syýasatçy Hidirnazar Allakulow hasaplaýar.

«Inflýasiýanyň we bahalaryň çalt ösýän döwründe häkimiýetler her ýyl pensiýalaryň, kömek pullarynyň, aýlyklaryň we talyp haklarynyň möçberini bary-ýogy 7–10 göterim ýokarlandyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde, ykdysady seljerijileriň hasaplamalaryna görä, umumy inflýasiýa ýylda azyndan 15–16 göterim ösýär. Azyk önümleriniň bahalary bolsa 20 göterimden hem köp ýokarlanýar. Bu, nominal aýlyklaryň artýandygyna garamazdan, ilatyň durmuş derejesiniň peselýändigini, hakyky satyn alyş ukybynyň we hakyky aýlyk hakynyň azalýandygyny aňladýar. Ilatyň durmuş derejesi hakykatdan-da peseldi. Mundan başga-da, Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýeti döwründe adamlar karza gaty köp batdylar. Göterim derejeleri örän ýokary: 25-den 49 göterime çenli. Şeýle karzlary alýan adamlar muny zerurlyk sebäpli edýärler: olaryň başga çykalgasy ýok. Ortaça durmuş derejesindäki adamlar üçin şeýle bergiler garyplyga düşmegi, pes girdejili adamlar üçin bolsa has-da agyr garyplyga batmagy aňladýar» diýip, Allakulow aýdýar.

Özbegistanda iň pes aýlyk haky 1,271 million som (takmynan 84 dollar), ortaça aýlyk bolsa 6,38 million somyň (takmynan 535 dollar) töwereginde. Şol bir wagtda, ykdysadyýetçileriň hasaplamalaryna görä, zähmete ukyply ýaşdaky ilatyň sany 14,5 million adam bolsa, Özbegistanyň 2–3 million töweregi raýaty daşary ýurtlarda ýaşaýar. Ýurtda galan 11 million töweregi zähmete ukyply raýatyň ýarysyndan gowragy ortaça aýlykdan pes hak alýar. Hünärmenler hökümetiň açyk statistikany çap etmeýändigini aýdýarlar. Olaryň pikirine görä, migrantlaryň ýurda iberýän pul serişdeleri henizem Özbegistanyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça pul geçirimleriniň möçberi Özbegistanyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) takmynan 14,3 göterimine deň boldy.

Syýasatçy hökmünde Hidirnazar Allakulowa häkimiýete kanuny çäklerde garşy çykmak aňsat däl. Mirziýoýewiň häkimiýeti ýyllarynda ykdysadyýetçi Özbegistanda öz partiýasyny birnäçe gezek hasaba aldyrmaga synanyşdy, emma her gezek administratiw basyş, jerimeler we kazyýet yzarlamalary bilen ýüzbe-ýüz boldy.

ABŞ-da ýaşaýan özbegistanly Bahodir Faýz dogduk ýurdunda syýasy azatlyklar bilen bagly meseleleriň henizem köpdügini boýun alýar.

«Men ýurtda demokratiýa doly ornaşdy diýemok. Hakyky syýasy bäsdeşlik entek emele gelmedi” diýip, Bahodir Faýz aýdýar. “Garaşsyz oppozisiýa syýasy prosesiň bir bölegine öwrülmedi. Metbugat azatlygyna we söz azatlygyna çäklendirmeler bar. Kazyýet-hukuk ulgamy, korrupsiýa we döwlet dolandyryşy bilen bagly çözülmedik meseleler henizem kän. Emma Özbegistanda adamlaryň özüne bolan ynamynyň ýuwaş-ýuwaşdan gaýdyp gelýändigini duýdum. Muny statistikadan görüp bolmaýar. Muny ýurduň köçelerinde görmek bolýar. Taksi sürüjisiniň sözlerinde. Ýaşlaryň gözlerinde. Gije adamlardan doly kafelerde. Daşkendiň aeroportyndaky syýahatçylaryň mähellesinde. Elbetde, ulag dyknyşyklarynda-da. Ýurdun geljegi onuň gökdirän binalarynyň beýikligi bilen ölçelmeýär. Ol halkynyň gözündäki umyt bilen ölçelýär. Men şu gün gören Özbegistanymda şol umyt bardy».