Bişkekdäki ýowuzlygy öjükdirmekde şübhelenip 6 gyrgyz, 4 daşary ýurtly saklandy

18-nji maýda Bişkekde alnan surat.

Geçen dynç günleri Bişkekde gazapy mähelläniň daşary ýurtly studentlere hüjüm etmegini öjükdirendigi çaklanylýan ýakalaşyk bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, Gyrgyzystanyň alty raýaty we dört daşary ýurtly saklandy. Bu barada 22-nji maýda Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi mälim etdi. Ýowuzlygyň netijesinde, pakistanly studentler köpçülikleýin ýagdaýda bu Merkezi Aziýa ýurduny terk edip başladylar.

Ministrligiň maglumatyna görä, huligançylyk, talaňçylyk, köpçülikleýin bidüzgünçilik we etniki çydamsyzlygy öjükdirmek aýyplamalary esasynda dokuz sany derňew açylypdyr.

Ýowuzlykda 33 adam ýaralandy diýip, ministrlik belledi.

18-nji maýdaky gazaplylykdan soň, Gyrgyzystany ýüzlerçe pakistanly student terk etdi.

Dynç günlerindäki ýowuzlyklaryň sosial mediada “aziýa keşbli adamlaryň” bir toparynyň 13-nji maýda giçlik daşary ýurtly studentlere azar berişini görkezýän wideonyň peýda bolmagyndan soň dörändigi çaklanylýar. Wideoda umumy ýaşaýyş jaýynda azyndan bir daşary ýurtly studente ençeme adam tarapyndan hüjüm edilişini, soňy bilen-de onuň ýerde süýrelişini görmek bolýar.

Gyrgyz resmileri soňundan, bu ýakalaşyga gatnaşan daşary ýurtlylaryň Müsüriň raýatlary bolandygyny aýtdylar. Gyrgyz hökümeti bu ýowuzlyga sebäpkärleri jogapkärçilige çekjekdigini söz berdi.