Bişkekde howpsuzlyk gulluklary belli jenaýat ketdesi Kolbaýewi öldürdiler

Kamçy Kolbaýew (Kamçybek Asanbek). Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gulluklary ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesi Kamçy Kolbaýewi (Kamçybek Asanbek) öldürdiler. Ol 2011-nji ýylda Waşington tarapyndan global derejedäki neşe gaçakçylarynyň sanawyna goşulypdy.

Milli Howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 4-nji oktýabrdaky maglumatyna görä, Kolbaýew Bişkekde geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda “ýok edilipdir”. Onuň tussaglyga garşy çykandygy we howpsuzlyk güýçlerine garşy ýaragdan ot açandygy bellenilýär.

Kolbaýewde jenaýat ketdeleriniň “Kanuny ogry”, ýa-da “Wor w zakone” derejesi bardy. 49 ýaşly Kolbaýew 2020-nji ýylyň oktýabrynda jenaýat toparyny döretmekde we guramaçylykly jenaýatçylygyň işlerine dahylly bolmakda aýyplanyp, tussag edilipdi.

ABŞ-nyň Bişkekdäki ilçihanasy şol pursat Kolbaýewiň tussag edilmegini gowy garşylady.

Emma 2021-nji ýylyň martynda Kolbaýew deslapky tussaghanadan boşadyldy we oňa Bişkekden çykmazlyk tabşyryldy.