ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 19-njy iýunda Pekinde Hytaýyň Russiýa Ukrainada alyp barýan urşunda ulanmagy üçin ýarag ibermezlik baradaky wadalaryny gaýtalandygyny aýtdy.
Ýöne ol Hytaýyň hususy firmalarynyň hereketlerinden edýän aladalaryny hem ýatlatdy.
"Hytaý bizi we beýleki ýurtlary Russiýany Ukrainada ulanmak üçin ölüm ýaraglary kömegi bilen üpjün etmeýändigine we etmejekdigine ynandyrdy” diýip, Blinken iki gün dowam eden gepleşiklerden soň žurnalistlere aýtdy.