ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken öňümizdäki hepde Pariže etjek saparynyň dowamynda, fransuz prezidenti Emmanuel Makron bilen Ukraina berilýän hemaýaty maslahat eder. Bu barada Döwlet departamenti 27-nji martda habar berdi.
Fransiýa Russiýanyň basybalyjylykly güýçlerine garşy durýan Ukrainanyň esasy harby goldawçylarynyň biridir.
Bu duşuşyk, ABŞ-nyň Ukraina üçin niýetlenen hemaýat bukjasynyň Wekiller öýünde saklanyp galan döwründe geçirilýär.
Mundan başga-da, Blinken bilen Makron Gazadaky konfliktiň dartgynlaşmagynyň öňüni almak boýunça tagallalary we beýleki möhüm meseleleri maslahat ederler diýip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili belledi.