ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 9-njy ýanwarda Ysraýylyň ýokary derejeli liderleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Ysraýylyň Gazadaky uruşda parahat ilatyň arasyndaky ýitgileri azaltmak üçin has köp tagalla etmelidigini, şeýle-de Waşingtonyň palestinalary öz bolýan sebitlerinden başga ýere göçürmek boýunça islendik planlara garşy çykýandygyny aýtdy.
Ysraýylyň soňky günlerde Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde geçiren operasiýalary netijesinde ýüzlerçe adam öldi.
Sebitdäki 2.3 million adamyň azyk krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy bellenilýär.