BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş Ýewropa Bileleşiginiň liderlerine ýüzlenip, halkara hukugyna, edil Ukrainada bolşy ýaly, Gaza meselesinde hem deň derejede hormat goýmaga çagyrdy. Bu aralykda, ýüzlerçe müň palestinaly ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär we mümkin açlyk wehimi bilen ýüzbe-ýüz bolup dur.
BMG-niň baş sekretary Guterreş Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki sammitinde çykyş edip, liderleri BMG-niň Düzgünnamasynda we halkara hukugynda göz öňünde tutulan kadalara hormat goýmak meselesinde, berk we jebis durmaga çagyrdy.
“Halkara ynsanperwer hukugynyň esasy prinsibi asuda ilaty goramakdyr. Biz bu ýörelgä Ukrainada we Gazada goşa standartsyz eýermelidiris” diýip, Guterreş žurnalistlere aýtdy.